BAG­LAR — TE­BI­GA­TYŇ ÝA­RA­ŞY­GY

21-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirildi. Bag ekmek dabarasy bahar paslynda tebigatyň aýratyn sahawatly häsiýete eýe bolýandygy, gülläp ösüşi, mähriban topraga söýgini özünde jemleýän ruhy däplere we gymmatlyklara ygrarlylygy alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlandy.

Milli Liderimiz giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň ähli ilatynyň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi adamlaryň saglygyny goramak hem-de doly derejeli ýaşaýşy, dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek wezipelerinden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän senesi bolan 2020-nji ýylda ýurdumyzda jemi 10 million düýp bag nahallary ekiler.

Hususan-da, paýtagtymyzyň töwereklerinde, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, gyrymsy, miweli bag nahallarynyň hem-de üzümiň 5 milliony ekiler. Diýarymyzyň sebitlerinde hem şonça bag nahallary ekiler. Bu köpçülikleýin çärä ýurdumyzyň ähli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri goşuldy.

...Ir säher bilen Ahal welaýatynyň çägine degişli dag etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän «Nowruz ýaýlasynyň» Türkmeniň ak öýi binasynyň golaýyndaky giňişlige köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar ýygnandylar. Baharyň ýakymly pursatlarynda Köpetdagyň etegindäki ýaýlanyň gök lybasa beslenmegi bu künjegiň gözelligini artdyrýar.

Baglaryň güllemegi uzaga çekmeýän hem bolsa, adam eli bilen döredilen tokaý zolaklary tutuş ýylyň dowamynda ynsan ruhuny göterýär. Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda ýagan ýaz ýagşy meýdan işleriniň rowaç boljakdygyny alamatlandyrýar.

Diýarymyzda asylly däbe öwrülen köpçülikleýin bag ekmek dabarasy umumymilli ähmiýetli işe dahylly bolmagy maksat edinýän adamlary bir ýere jemleýär. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlary Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu nurana baýram gadymy döwürlerden bäri durmuş dabarasyny alamatlandyryp, tutuş dünýäde giňden bellenilýär. Bu baýramyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, oňa raýdaşlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, dünýäniň halklarynyň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek güni hökmünde halkara baýramçylyk derejesiniň berilmegi Gündogaryň halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlarynyň şöhratyny artdyrmakda ägirt uly ähmiýetiniň bardygynyň subutnamasydyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz bag ekmek üçin taýýarlanan ýere baryp, bu ýerde hemişe gök öwüsýän arça nahalyny oturdyp, köpçülikleýin çäräniň nobatdaky tapgyryna badalga berdi. Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, agzybirlik bilen bag nahallaryny ekdiler. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň wekilleri türkmen topragynyň gözelligini artdyrýan asylly çärä işjeň gatnaşdylar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ekologiýa amatlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresine hemmeleriň bir adam ýaly bolup gatnaşýandygyny belledi. Munuň özi milli ýörelgeleriň döwrebap derejede ösdürilýändigini görkezýär. Çünki türkmen ilinde bag ekmek işi bilen meşgullanýan adamlara aýratyn gadyr goýulýar. Halkymyz ösdürilip ýetişdirilýän bag nahallaryna guwanyp, ony eken adamlary ýagşylykda ýatlaýar.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň tokaý hojalyklarynda we nahalhanalarynda, ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda her ýylda bag nahallarynyň tohumlary taýýarlanylýar hem-de olara 3-4 ýylyň dowamynda ideg edilip, köpçülikleýin ekmek üçin ugradylýar.

Şolaryň hatarynda saýaly, gyrymsy, miweli hem-de bezeg bag nahallary bar. Bag nahallary 3-4 ýylyň dowamynda durnukly ösmek häsiýetine eýe bolýar. Şeýlelikde, bag nahallarynyň ekiljek ýerleri irgözinden agrotehniki kadalara laýyk derejede taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, her sebitiň toprak-howa şertleriniň aýratynlygyna gabat gelýän bag nahallarynyň seçilip alynmagy munuň netijeli häsiýete eýe bolmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Alymlaryň we bu ugra degişli hünärmenleriň tekliplerine laýyklykda, saýaly bag nahallarynyň awtomobil ýollarynyň gyralaryna, şäherleriň we obalaryň töwereklerine, aýratyn-da, dynç alynýan ýerlere ekilmegi, döredilýän tokaý zolaklary howa ýaramaz täsiri bolan ýagdaýlaryň öňüni almakda we tozanly ýelleriň täsirlerini peseltmekde ähmiýetlidir. Şeýlelikde, saýaly baglar daşky gurşawyň howasyny 6-7 esse köp arassalamaga, adamlaryň saglygyna oňyn täsir etmäge ukyplydyr.

Bu künjekde, ýagny «Nowruz ýaýlasynda» geçen ýyllaryň dowamynda müňlerçe saýaly we miweli bag nahallary ekildi. Ýakyn wagtda bu ýaýlany ajaýyp tokaý zolaklarynyň, miweli baglaryň gurşap aljakdygy has-da guwandyrýar.

Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki giňişlikde ýaýbaňlandyrylan asylly çäräniň gerimi hem-de ähmiýeti barada aýdyp, işleriň tutuş ýurdumyz boýunça köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi we bu ýerden ugrady.

* * *

Şol gün Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda agzybirlikli zähmet joşguny döredi. Müňlerçe adamlar uly ruhubelentlik bilen bu asylly çärä goşuldylar.

Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça 1 million 604 müň 200 düýp bag nahaly ekildi.

Geçen 2019-njy ýyla garanyňda, bu 45 göterim köpdür. Bu bolsa, 721 müň 890 düýp bag nahalynyň artyk ekilendigini görkezýär. Ekilen bag nahallarynyň Watanymyzyň baý tebigatyna goşant boljakdygy ikuçsuzdyr.

Şunuň bilen birlikde, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işlerine hem uly ähmiýet berildi. Munuň özi ýaş bag nahallarynyň sazlaşykly ösmeginde wajypdyr.

Ýurdumyzda ekologiýa medeniýetiniň derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy tokaý zolaklarynyň döredilmegine döwlet derejesinde uly üns we goldaw berilýändiginiň aýdyň netijesidir. Her ýylda Watanymyzy gülläp ösýän ülkä öwürmek baradaky halkymyzyň nurana arzuwyny amala aşyrmak bilen, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň täze tapgyryna badalga berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjekleriniň çäklerinde tokaý zolaklarynyň meýdany barha artýar.

“Nesil” gazeti,

24.03.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014