AHAL­TE­KE BE­DEW­LE­RI­MI­ZIŇ ŞAN-ŞÖHRATY DÜN­ÝÄ DOL­ÝAR

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X ýubileý mejlisi geçirildi

24-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X ýubileý mejlisi geçirildi. Bilelikde geçirilen mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine on ýyl dolýandygyny belläp, hemmeleri bu şanly sene hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we atçylygy ösdürmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz mejlisiň dowamynda ahalteke atçylygy, atşynaslyk sungatyny we atçylyk sportuny mundan beýläk-de halkara derejesinde ösdürmegiň meselelerine garaljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilen tagallalar barada, bu işleriň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýerine ýetiren hyzmatlarynyň ähmiýeti dogrusynda çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň çykyşy mejlise gatnaşanlar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna söz berildi. Wise-premýer ýurdumyzda döwle t Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, bu ajaýyp tohumdaky bedewleri saklamak we köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer türkmen atşynaslygynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge berýän kömegi hem-de milli atşynaslyk hakynda edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin hormatly Prezidentimize pudagyň ähli işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirip, «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» atly hormatly derejäni esaslandyrmak hakynda teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz bu teklibi makullady hem-de Mejlisiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, ýurdumyzyň kanunçylygyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda degişli işleriň alnyp barylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň has tapawutlanan atşynaslaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly işjeň agzalaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Soňra milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly şol günki mejlise gatnaşýan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezutç GBR» atçylyk firmasynyň direktory hanym Katrina-Irena Anna-Margarita Ýakoba söz berdi.

Hanym Katrina-Irena Anna-Margarita Ýakob oňa birnäçe kärdeşleri bilen bilelikde, hormatly derejäniň berilmeginiň durmuşynyň ýatdan çykmajak wakasyna öwrülendigini we onda ägirt uly buýsanç duýgusyny döredendigini belledi. «Jeýkob Ferdezutç GBR» atçylyk firmasynyň direktory bildirilen hormat üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady hem-de jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan köptaraply işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlise gatnaşýan Wengriýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti jenap Ýo­žef Gýu­la Nýe­ke söz ber­di.

Je­nap Ýo­žef Gýu­la Nýe­ke mil­li Liderimize şeýle ýokary ady dakandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, munuň özi üçin ýatdan çykmajak we şatlykly waka bolandygyny nygtady. Wengriýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna täze türkmen hem-de daşary ýurtly agzalary kabul etmek hakynda assosiasiýanyň Kararlaryna gol çekdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlise gatnaşan Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşaw boýunça ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary Şeýh Faýsal bin Raşid bin Isa al-Halifa söz berildi.

Türkmenistana ýygy-ýygydan gelýän myhman Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň medeniýetini we taryhyny gyzyklanma bilen öwrenýändigini belledi. Şeýh Faýsal bin Raşid bin Isa al-Halifa bu assosiasiýanyň işine mundan beýläk hem uly goşant goşmaga taýýardygyny beýan edip, hemmeleri Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady hem-de doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we ösüş arzuw etdi.

Soňra Rumyniýanyň Parlamentiniň de­pu­ta­ty, Ru­my­ni­ýa — Türk­me­nis­tan Parlamentara toparynyň ýolbaşçysy Antal Iştwan Ýanoşa söz berildi.

Antal Iştwan Ýanoş Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, muny özi üçin uly mertebe saýýandygyny aýtdy. Ol öz ýurdunda uzak ýyllaryň dowamynda arassa ganly ahalteke bedewlerini wagyz etmek bilen meşgullanýandygyny aýdyp, geljekde hem parlament işinde bu assosiasiýanyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, 2021-nji ýylyň aprelinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky XI mejlisini Aşgabatda geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylary Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň on ýyllyk ýubileýi, Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene bir gezek gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, atçylygy ösdürmek boýunça alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

26.04.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014