SA­ŇA AT DIÝ­ME­RIN, GAR­DAŞ DI­ÝE­RIN

26-njy aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi, şanly baýramyň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandy.

Türk­men hal­ky­my­zyň buý­san­jy­na öw­rü­len ahal­te­ke be­de­wi­miz asyr­la­ryň do­wa­myn­da mil­li gym­mat­lyk de­re­je­si­ne ýe­tip­dir. «Sa­ňa at diý­me­rin, gar­daş di­ýe­rin» di­ýip, ata-ba­ba­la­ry­myz be­dew at­da tutan­ýer­li­lik, we­pa­dar­lyk, yn­san ýa­ly syz­gyr­lyk nus­ga­la­ry­ny gö­rüpdir­ler. Bil­şi­miz ýa­ly, gö­zel­li­gi, sy­ra­ty, ýyn­dam­ly­gy bi­len gö­ren­leri haý­ran gal­dyr­mak de­re­je­si­ne ýet­ýän­çä, be­dew köp we tu­tan­ýer­li zäh­me­ti, bi­li­mi, söý­gi­ni we ze­hi­ni ta­lap ed­ýär.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň sergileri, «Dokmaçylar» folklor we ýokary okuw mekdepleriniň tans toparlarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen ajaýyp aýdym munuň aýdyň subutnamasy boldy. Şeýle hem paýtagtymyzyň we ähli welaýatlaryň wekilleriniň sergilerinde halkymyzyň milli senetkärligine, sungatyna degişli ugurlary açylyp görkezildi. Belläp geçsek, Aşgabat şäheriniň sergi bölüminde küýzegärlik, gobelen önümleriniň, bedew atyň nagyş salnan bezegleriniň, zergärçilik önümleriniň, at esbaplarynyň sergisi, milli saz gurallarda toý kakuwlarynyň ýerine ýetirilişi beýan edilýär. Ahal welaýatyna degişli bölümde zergäriň ussahanasy sahnalaşdyrylyp, bu ýerde ussanyň işläp oturan pursady janlandyrylýar. Şeýle hem bu ýerde at esbaplary ünsüňi özüne çekýär. Balkan welaýatynyň wekilleri düýe bezegleriniň sergisini, suw-kädilerini haşamlamak işiniň sergisini, agaç ussasynyň iş pursadyny, gazal çekilişini görkezdiler. Daşoguz welaýatynyň bölüminde milli saz gurallarynyň, gön önümleriniň sergisi, dutar ussasynyň iş pursady, dessançylaryň çykyşy ýaýbaňlandyryldy. Lebap welaýatynyň wekilleri zähmet gurallarynyň sergisini, dürli kilimleriň sergisini, zenanlaryň iş pursadyny we dürli heňleriň aýdylyşyny görkezdiler. Mary welaýatynyň wekilleri bolsa ýüpek we dokma önümleriniň, aşhana gurallarynyň sergisini, dokmaçynyň iş pursadyny görkezmek bilen birlikde, gargy tüýdügiň we dutaryň owazynyň ýaňlanmagynda aýdym aýtdylar. Bu ýerde milli aýratynlyklarymyzy şöhlelendirýän göreşiň tutulmagy baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da belende göterdi.

Umumymilli söýgä eýe bolan bedewiň hormatyna ýurdumyzda ýene-de bir nobatdaky uly baýram giňden ýaýbaňlandy, at çapyşyklary bu tomaşanyň aýrylmaz bölegidir. Möwsümiň iň abraýly bäsleşikleriniň — baýramçylyk at çapyşyklarynyň başlanýandygynyň yglan edilip, bäsleşiklere badalga berilmegi bilen tizliklerini barha artdyran gamyşgulak, ýyndam bedewler tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Halk seçgiçileriniň we seýisleriniň ahalteke bedewi ýaly belent sungat eserini döretmek arkaly, bu atlaryň arassa ganlylygyny saklamak bilen, ýurdumyzyň atşynaslary olaryň gowy taraplaryny ösdürmegi dowam edýärler. Şunda sport atlaryny taýýarlaýan milli mekdebimiziň esasy tapawudy türkmenleriň atlary eldekileşdirmän, olary hut terbiýeläp ýetişdirýänliginde jemlenýär.

Türkmenistanda gadymy däpleriň biri bolan at çapyşyklary, häzir hem ozalkysy ýaly, uly meşhurlykdan peýdalanýar. Münberde oturan janköýerleriň dykgat bilen syn eden, tele we foto kameralarda surata düşürilen ýaryşlar iki sagatdan hem gowrak dowam etdi. At çapyşyklary, hakykatdan-da, türkmen halkynyň şan-şöhraty we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň ýyndamlygynyň özboluşly senasyna öwrüldi. Dürli aralyklarda geçirilen at çapyşyklarynyň jemi ýedisi bolup, şolaryň her birine bedewleriň 12-si gatnaşyp, iň gowy sport häsiýetlerini görkezdiler.

1600 metr aralykda geçirilen birinji at çapyşyga goşulan bedewleriň ýaryşynda iň gowy wagty — çapyksuwar D.Agamyradowyň çapan, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy M.Agamyradowyň seýislän Kararym diýen aty görkezdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Kararym diýen dor aty bellenilen aralygy 1 minut 48,1 sekuntda geçip, pellehana ilkinji bolup geldi. Birinji çapyşygyň ýeňijisine maliýe-ykdysady toplumyň adyndan baýrak hökmünde 20 müň amerikan dollary gowşuryldy.

1800 metr aralykda geçirilen ikinji çapyşyga üçýaşar atlar goşulyp, şonda bellenilen aralygy 1 minut 44,2 sekuntda geçmegi başaran Köpetdag atly gara ata taý gelen bedew bolmady. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli bolan bedewiň seýsi K.Hydyrow, çapyksuwary J.Hydyrow. Ikinji çapyşykda birinji orny eýelän ýeňijä nebitgaz toplumyndan 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.

Üçünji çapyşyk hem 1800 metr aralykda geçirilip, şonda Türkmenistanyň halk atşynasy M.Muhammedowyň seýislän hem-de çapyksuwar A.Hojanepesowyň çapan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Abraýym atly gara at 2 minut 3 sekunt wagt bilen pellehanadan birinji bolup geçdi. Üçünji çapyşygyň ýeňijisine ýurdumyzyň söwda toplumynyň adyndan 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.

Dördünji çapyşykda-da bedewler 1800 metr aralyga ýaryşa goşuldylar. Üçýaşar atlaryň arasynda ýaýbaňlanan ýiti bäsleşigiň netijesinde, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk toplumyna degişli Dorbürgüt diýen dor at 1 minut 56,8 sekunt wagt bilen geçip, bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Onuň seýsi B.Muhammedow, çapyksuwary bolsa 3-nji derejeli çapyksuwar Y.Saparow. Dördünji çapyşykda pellehanadan birinji bolup geçene ulag we kommunikasiýa toplumynyň adyndan 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.

Nobatdaky bäşinji çapyşyk dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 2200 metr aralyga geçirildi. Bäsleşik örän ýiti we dartgynly ýagdaýda geçip, aýlawyň tomaşaçylarynyň şowhunyny al-asmana göterdi. Çekeleşikli geçen bu ýaryşyň netijesinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gaýyp diýen gyr at pellehana birinji bolup gelip, ol bellenilen aralygy 2 minut 34,1 sekuntda geçdi. Onuň seýsi Türkmenistanyň halk atşynasy M.Muhammedow, çapyksuwary A.Ataýew. Bu çapyşygyň ýeňijisine gurluşyk we senagat toplumynyň adyndan 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.

Soňky iki çapyşyk iň uzak bolan 2400 metr aralykda geçirilip, ol dört we ulyýaşar atlaryň arasynda has güýçli atlary kesgitledi.

Altynjy çapyşykda Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli Gujurly diýen dor at bellenilen aralygy 2 minut 36,2 sekuntda geçip, ýeňiji boldy. Ony toýa seýis H.Babalyýew taýýarlady, çapyksuwary bolsa 3-nji derejeli çapyksuwar B.Babalyýew. Ýeňijä oba hojalyk toplumynyň adyndan 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.

Jemleýji ýedinji toý çapyşygynda öz ýyndamlygynyň has ýokarydygyny Türkmenistanyň halk atşynasy K.Agamyradowyň seýislän, ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çapan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dorgunan atly dor aty görkezdi. Bu at bellenilen aralygy 2 minut 45,8 sekuntda geçmegi başardy. Jemleýji baýramçylyk at çapyşygynyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — 30 müň amerikan dollary gowşuryldy.

Soňra baýramçylyk bäsleşikleriniň — şu günki at çapyşyklarynyň, uzak aralyga hem-de päsgelçilikden bökmek (konkur) görnüşi boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerine milli Liderimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ahalteke bedewleri dünýä atçylygynyň taryhynda uzak aralyklara geçirilen ýörişlere gatnaşmak bilen hem şan-şöhrata eýe boldular. Olaryň görkezen netijeleriniň köpüsini häzire çenli gaýtalamak başartmaýar. Uzak aralyga geçirilen ýaryşyň menzili 60 kilometre deň boldy. Türkmen bedewleri ýolda diňe ýyndamlygyny däl, eýsem, sport babatda çydamlylygyny hem görkezdiler.

Şunda iň gowy netijäni — 2 sagat 57 minut 10 sekundy — 2012-nji ýylda doglan Gurgun we Dessan atlarynyň nesli Gadyrly diýen gara at görkezdi. Ony M.Meläýew çapdy. Ýeňijä 20 müň amerikan dollary baýrak berildi.

Ahalteke bedewleri diňe däbe öwrülen at çapyşyklarynda däl-de, eýsem, atly sportuň beýleki görnüşlerinde hem, şol sanda konkurda hem ajaýyp netijeleri görkezýärler.

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atlaryň päsgelçilikden bökmek (konkur) görnüşi boýunça ýakynda geçirilen bäsleşik barada aýdylanda, Altynhan diýen bedew 51,1 sekunt wagt görkezip, ýeňiji boldy. Onuň türgeni bolup Ý.Garajaýew çykyş etdi. Ýeňijä 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.

Şol günki geçirilen çäreleriň dowamynda hormatly Prezidentimiziň egindeşleri döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Olar milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, halkymyzyň iň naýbaşy gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de giňden wagyz etmek işiniň möhümdigini belläp, bu ugurda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de şu işlerde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi. Dabaranyň ahyrynda toplumyň sahna meýdançasynda küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Ol bu ýere ýygnanan müňlerçe adamlaryň — Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilen giň gerimli çärelere gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.

“Nesil” gazeti,

28.04.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014