HOR­MAT­LY PRE­ZI­DEN­TI­MI­ZIŇ ÝAŞ­LA­RA SAR­GYT­LA­RY

Türkmenistanyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillere baglydyr.

Nesillerimiziň bagtyýarlygy, şadyýan gülküleri il abadançylygyndan, ýurt parahatçylygyndan nyşandyr.

Eziz ýaşlar! Siz ynsan saglygyny berkitmekde bedenterbiýäniň ähmiýetiniň örän uludygyny hiç wagt unutmaly dälsiňiz.

Watanymyzyň röwşen geljegi üçin okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bagtyýar ýaşlarymyzyň öňlerinde goýan baş maksadyna öwrülmelidir.

Adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlän ata Watanymyzda aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ýaşlara dünýä derejesinde bilim we döwrebap terbiýe bermek bilim işgärleriniň möhüm wezipesidir.

Eziz ýaşlar! Bilim we ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlykdyr.

Çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlygydyr.

Biz iňňän gadymy döwürlerden bäri ylym-bilime uly sarpa goýup gelýän dörediji halkymyzyň bagtyýar nesilleri bolan ýaşlarymyzdan döwletimiziň dünýädäki şan-şöhratyny, at-abraýyny has-da beýgeltmäge goşant boljak beýik işlere, täze ylmy açyşlara garaşýarys.

Biz ylym ulgamynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini, şeýle hem ony döretmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen birlikde, ýaşlary ylma giňden çekmek, ýaşlarda talyplyk döwründen başlap täzeçillige, gözleglere, açyşlara höwes döretmek, olaryň bilimlere hyjuwyny artdyrmak, örän uly aň-bilim mümkinçiliklerini ýüze çykarmak üçin hem ähli şertleri döredýäris.

Eziz ýaşlar! Diýarymyzy ylym ojagyna, bereket çeşmesine, bolçulygyň mekanyna öwürmekde size uly-uly işler garaşýar.

Biziň borjumyz we ilkinji nobatdaky wezipämiz sport hem-de olimpiýa hereketini höweslendirmekden we ösdürmekden, oňa ýaşlary işjeň çekmekden ybaratdyr.

Sagdyn, bilimli, sowatly ýaşlar biziň röwşen geljegimiziň girewidir.

Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklaryna, saýlan hünäriniň eýesi bolmaklaryna ýardam bermek, olary ylma-bilime höweslendirmek, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmelerimiziň özenini düzýär.

Eziz ýaşlar! Beýik Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy pugtalandyrmak, mizemez döwletimiziň belent at-abraýyny goramak we barha artdyrmak üçin siziň etmeli işleriňiz örän köpdür.

Ýaşlar biziň geljegimizdir. Şoňa görä-de, ýaş nesliň oňat bilim we terbiýe almagy, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn ýaşlar bolup ýetişmekleri ýaly möhüm wezipe biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

“Nesil” gazeti,

30.04.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014