RAÝ­DAŞ­LYK — BÜ­TIN ­DÜN­ÝÄ PA­RA­HAT­ÇY­LY­GY­NYŇ SYN­MAZ SÜ­TÜ­NI

Hormatly Prezidentimiz Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna daýanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistan sebitleýin we ählumumy möçberde abadançylyk maksatlaryna laýyk gelýän giň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. 4-nji maýda hormatly Prezidentimiziň Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşmagy hem munuň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Duşuşygyň gün tertibine häzirki döwürde tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin täze, çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak meseleleri girizildi.

Şoňa görä adamzat üçin uly wehim bolan wajyp meselä bagyşlanan bu gezekki ýokary derejedäki duşuşykda milli Liderimiz çykyş edip, dünýäniň ykbaly üçin umumy jogapkärçilik bilen birleşen 120 döwleti öz içine alýan Goşulyşmazlyk hereketiniň bu meseläniň çözülmeginden daşda durup bilmejekdigine ynanýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz öz çuňňur mazmunly çykyşynda bu meseläniň käbir taraplary barada durup geçdi.

Birinjiden, pandemiýa garşy netijeli göreşmek bütin halkara bileleşiginden bilelikdäki, umumy we raýdaşlyk hereketlerini talap edýär. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz hut raýdaşlyk hereketlerini aýratyn bellemek isleýändigini nygtady. Sebäbi, her ýurduň milli derejede, ýagdaýa baglylykda bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy öz işlerini ýola goýýandygy düşnüklidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Goşulyşmazlyk hereketiniň çäklerinde maksatnamalaýyn resminamany işläp taýýarlamagy hem-de kabul etmegi teklip etdi we bu resminamanyň epidemiýa garşy göreşde agza döwletleriň raýdaşlyk işiniň esasy ýörelgelerini, şeýle hem ýokanjyň öňüni almaga we ony ýok etmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny öz içine almalydygyny belledi.

Ikinjiden, häzirki döwürde döwletleriň guramaçylyk, ahlak, maliýe we maddy taýdan özara goldawy we kömegi köptaraplaýyn tagallalaryň örän möhüm tarapy bolup durýandygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz şeýle kömek berlende, hiç bir ýagdaýda onuň syýasylaşdyrylmagynyň, kemsitmegiň, haýsydyr bir şertleri öňe sürmegiň kabul ederlikli däldigini aýratyn belledi.

Üçünjiden, pandemiýa we onuň ýaramaz netijelerine garşy göreşde ýokary derejeli hünärmenleriň ysnyşykly işlemeginiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýtmak bilen, milli Liderimiz bu ugurda ylmy diplomatiýanyň usullaryny doly derejede ulanmagyň gerekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Goşulyşmazlyk hereketiniň döwletleriniň alym-lukmanlarynyň geňeşiniň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Dördünjiden, hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan köptaraplaýyn işleriň Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy hyzmaty arkaly we wirus kesellerine garşy göreşde özboluşly tejribe toplan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygyň alnyp barylmalydygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, emele gelen häzirki ýagdaýda Goşulyşmazlyk hereketi bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasynda, ozaly bilen, biziň ýurtlarymyzyň lukmançylyk bileleşikleriniň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerurdyr. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletleriň hökümetlerine bilelikdäki şeýle işiň ülňüleriniň hem-de görnüşleriniň üstünde bilelikde işlemegi tabşyrmagy teklip etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, gaýragoýulmasyz bu çäreler we wezipeler bilen bir hatarda, häzirki döwürde geljek barada pikirlenmegiň möhüm borç bolup durýandygyny belledi. Şunda dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin, häzirden başlap, energetika, senagat, ulag we söwda pudaklary boýunça esaslary döretmek zerur bolup durýandygyny nygtady. Çünki bular köp sanly durmuş meseleleriniň çözülmegine, işsizligi aradan aýyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz çykyşynda ählumumy azyk howpsuzlygyny, hususan-da, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmezden, pandemiýa garşy üstünlikli göreşmegiň we onuň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmagyň mümkin däldigini aýtdy.

Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Jarnamanyň teklip edilen taslamasyny goldaýandygyny belledi we duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we üstünlik, Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň halklaryna bolsa, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

07.05.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014