MUKADDESLIK WA­TANDAN BAŞLANÝAR

13-nji maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­ba­ra­ly çä­rä — Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky 1-nji ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­de­bi­ne us­sat mugal­lym, eder­men es­ger Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň har­by gul­luk res­mi­na­ma­la­ry­ny gowşur­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.

Türk­men top­ra­gy­nyň şöh­rat­ly og­lunyň — mil­li Li­de­ri­mi­ziň ata­sy­nyň — eder­men sö­we­şi­ji­niň hem-de ussat mu­gal­ly­myň dur­muş ýo­ly hä­zir­ki döwür­de türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li üçin ha­ky­ky wa­tan­çy­ly­gyň nus­ga­sy bo­lup hyzmat ed­ýär. Bu wa­ka­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Döw­let baý­da­gy­nyň gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­me­gi da­ba­ra aý­ra­tyn äh­mi­ýet we çuň­ňur ma­ny ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz bi­na­nyň içi­ne gi­rip, ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň heý­ke­li­ne gül desse­si­ni goý­dy.

Soň­ra har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly og­lunyň, wa­tan­çy es­ger, hem­me­le­riň hor­mat goýýan yn­sa­ny Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň ýa­dygär­li­gi­ne tag­zym et­di­ler. 1-nji ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­dep onuň ady­ny gö­ter­ýär. Onuň sö­weş we ömür ýo­ly Wa­ta­na söý­gi­niň we gahry­man­çy­ly­gyň ha­ky­ky my­sa­ly bo­lup, hä­zir­ki ýaş­lar üçin eder­men­li­giň, ah­lak­ly­ly­gyň, mukad­des har­by we ra­ýat­lyk bor­ja we­pa­ly­ly­gyň nus­ga­sy­na öw­rül­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky 1-nji ýö­ri­te­leş­di­ri­len harby mek­de­be öz ata­sy — us­sat mu­gal­lym, edermen es­ger B.An­na­ýe­wiň har­by gul­luk res­mi­nama­la­ry­ny res­mi taý­dan gow­şur­dy.

Ýa­rag­ly Güýç­le­riň dü­züm­le­ri­niň ýol­başçy­la­ry Wa­ta­na ba­ky we­pa­ly bol­jak­dyk­la­ry, gah­ry­man ata-ba­ba­la­ry­myz ýa­ly jan­la­ry­ny gaý­gyr­man, Wa­tan go­ra­gyn­da mert­ler­çe dur­jak­dyk­la­ry ba­ra­da har­by ka­sa­my ýe­ri­ne ýe­ti­rip, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­ny ynan­dyr­dy­lar.

Fron­ta meý­le­tin gi­dip, Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şu­nyň sö­weş meý­dan­la­ryn­da mert­ler­çe söwe­şen ýef­reý­tor Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň sö­weş ýo­lu­ny be­ýan ed­ýän res­mi­na­ma­lary gow­şur­mak da­ba­ra­syn­dan soň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mek­de­biň okuw ota­gy­na ba­ryp, har­by okuw­çy­la­ra gym­mat­ly öwüt-ündewlerini we ata­lyk pen­di­ni ber­di.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, äh­li görke­zi­ji­ler ba­bat­da ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk de­re­je­de en­jam­laş­dy­ry­lan ýö­ri­te­leşdi­ri­len mek­de­biň her bir okuw­çy­sy üçin wa­tan­çy­lyk ka­sa­my baş ýö­rel­gä öw­rül­me­lidir. Okuw­la­ry­ny üs­tün­lik­li öz­leş­dir­mek­leri, jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­ri çöz­mek üçin ze­rur bo­lan ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny ele al­mak­la­ry, har­by okuw­la­ra iş­jeň gat­naş­mak­la­ry we öz hü­när­le­ri­ne us­sat­lyk bi­len erk et­mek­le­ri, Wa­ta­ny go­ra­mak ýa­ly be­lent har­by bor­ja we­pa­ly bol­mak­la­ry ola­ryň mu­kad­des maksat­la­ry bo­lup dur­ýar.

«Me­niň atam Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew hem 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çylyk ur­şu­nyň ýa­lyn­ly ýyl­la­ryn­da özi ar­za be­rip, aldym-berdimli sö­weş meý­da­ny­na meý­letin gid­ýär, se­bä­bi ol hal­kyň yk­ba­ly­nyň çö­zülýän ýe­rin­de — sö­weş meý­da­nyn­da bol­ma­gy hök­ma­ny bor­jy ha­sap edip­dir» di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bag­ty­ýar­lyk döwrü­miz­de Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň hü­när de­reje­siniň we at-abraýynyň has-da beý­gel­ýän­digi­ni, gel­jek­de-de ýur­du­myz­da ýo­ka­ry hü­när­li har­by iş­gär­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na uly äh­miýet be­ril­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň howp­suz­ly­gy bi­ziň üçin äh­li zat­dan ile­ri­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy hem-de dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy go­ra­mak adam­za­dyň iň uly arzu­wy­dyr di­ýip, sö­zü­ni do­wam et­di.

Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri bol­sa Wata­ny ga­la bo­lup go­ra­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Wa­ta­ny go­ra­ýan har­by gul­luk­çyla­ry­myz hal­ky­my­zyň ger­çek­lik mek­de­bi­niň my­na­syp do­wa­my­dyr. Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pa­rahat­çy­lyk sö­ýü­ji, dost-doganlyk ýö­rel­ge­le­ri­ni, gah­ry­man­çy­ly­ga bes­le­nen har­by däp­le­ri­ni do­wam edip, go­ran­mak hä­si­ýet­li kuw­wat­ly go­şu­na öw­rül­di.

Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz har­by okuw­çy­la­ryň he­mi­şe har­by borç­la­ry­ny ak ýürek bi­len ber­jaý et­me­li­dik­le­ri­ne, Wa­ta­na we har­by ka­sa­ma we­pa­ly bol­ma­gyň be­lent nus­gasy­ny gör­kez­me­li­dik­le­ri­ne ola­ryň ün­sü­ni çek­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ola­ryň hal­ky­my­zyň Wata­ny söý­mek, gaý­duw­syz­lyk we mert­lik ýa­ly be­lent hä­si­ýet­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­me­lidik­le­ri­ne, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň sars­maz ga­la­sy we po­lat gal­ka­ny bol­ma­ly­dyk­la­ry­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Ol wezi­pe­le­riň Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň be­lent bor­judy­gy­ny nyg­tap, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz har­by okuw­çy­la­ryň şol bor­jy ab­raý bi­len ber­jaý et­jekdik­le­ri­ne berk ynam bil­dir­di.

Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky 1-nji ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­de­biň okuw­çy­la­ry bu ýer­de har­by bi­li­mi, hü­när­le­ri ele al­ma­ga, okuw­dan boş wagt­la­ry­ny peý­da­ly ge­çir­mäge dö­re­di­len şert­ler üçin ýur­du­my­zyň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­na çuň­ňur ho­şal­lyk­la­ry­ny aýt­dy­lar.

Har­by okuw­çy­laryň tä­ze har­by teh­ni­ka­la­ryň nus­ga­la­ryn­dan peý­da­la­nyl­ýan okuw işi­niň aýra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­di­ler. Mu­nuň özi okuw­çy­la­ra öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ra erk et­me­giň di­ňe bir na­za­ry däl, eý­sem, ama­ly ba­şar­nyk­la­ry­ny ele al­ma­ga hem müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le hem bu ýer­de ça­ga­la­ry be­den taýdan taý­ýar­la­mak üçin hem hem­me müm­kin­çilik­ler bar. Okuw­çy­la­ryň ara­syn­da ýa­ryş­la­ryň gu­ral­ma­gy ola­ry sport­da ýo­ka­ry ga­za­ny­lan­lar bi­len meş­gul­lan­ma­ga iter­gi ber­ýär.

Har­by okuw­çy­lar Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ata­lyk ala­da­sy üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, öň­de goý­lan be­ýik mak­sat­la­ra üstün­lik­li ýet­mek ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ryny gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na mil­li Li­de­ri­mi­zi ynan­dyr­dy­lar.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz har­by okuw­çy­la­ryň gel­jek­de haý­sy hü­nä­riň eýe­si bol­ma­gy ar­zuw ed­ýän­dik­le­ri bi­len gy­zyk­landy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, hä­zir ýurdu­myz­da is­len­dik hü­nä­riň eýe­si bol­mak üçin äh­li ze­rur şert­ler hem-de müm­kin­çi­lik­ler bar. Äh­li ugur­lar­da bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň harby we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryn­da tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­lar, san­ly ul­gam iş­jeň or­naş­dyryl­ýar. Bu dü­züm­le­riň maddy-enjamlaýyn bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si ýaş ne­sil­le­riň öz is­legi­ne gö­rä hü­när saý­la­ma­gy­na giň müm­kin­çilik­le­ri aç­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýö­ri­te okuw mekdep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry­nyň har­by yl­myň gaza­nan­la­ry, sö­weş­jeň teh­ni­ka­la­ryň döw­re­bap nus­ga­la­ry ba­ra­da ha­bar­ly bol­mak­la­ry hem-de öz işi­niň us­sat­la­ry­na öw­rül­me­gi üçin top­lumla­ýyn çä­re­le­riň gö­rül­me­li­di­gi­ni de­giş­li ýol­başçy­la­ra tab­şyr­dy.

Ýurdumyzyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ýur­du­myz­da Be­ýik Wa­tan­çylyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň 75 ýyl­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na gu­ra­lan da­ba­ra­la­ryň bar­şyn­da Russi­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­ginden uruş ýyl­la­ry­nyň sö­weş­jeň sa­pan­ça­sy­nyň ýa­dy­gär­lik hök­mün­de gow­şu­ry­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Bu sa­pan­ça köp ta­ry­hy hem-de söweş­jeň wa­ka­la­ryň şa­ýa­dy hök­mün­de hä­zirki ne­sil­ler üçin mu­kad­des gym­mat­lyk­dyr. Onuň ta­ry­hyn­da we­pat bo­lan gah­ry­man­laryň gör­ke­zen eder­men­li­gi, sö­weş meý­danla­ry­nyň gan­dö­kü­şik­li uruş­la­ry, aý­gyt­laý­jy hü­jüm­ler we be­ýik ýe­ňiş­ler ýa­tyr.

On­da azat edi­ji go­şu­nyň gaý­duw­syz es­ger­leri­niň gah­ry­man­çy­ly­gy­na bes­le­nen ýat­la­ma­la­ryň bar­dy­gy­ny, hut şo­nuň üçin hem bu ýa­dy­gär­li­giň ýaş­la­ryň ru­hu­ny gö­ter­jek­di­gi­ni, ola­ryň be­ýik mak­sat­la­ra ýet­me­gin­de ýol gör­ke­zi­ji bo­lup hyzmat et­jek­di­gi­ni aý­dyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu gym­mat­ly ýa­dy­gär­li­gi B.An­na­ýe­wiň ady­ny gö­ter­ýän 1-nji ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­de­be gow­şur­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di.

Soň­ra wa­tan­çy es­ger B.An­na­ýe­wiň ady­ny gö­ter­ýän har­by mek­de­biň okuw­çy­la­ry Döwlet ka­sa­my­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler hem-de mil­li Li­de­ri­miz bi­len öz­le­ri üçin be­ýik nus­ga bo­lup dur­ýan B.An­na­ýe­wiň heý­ke­li­niň öňün­de ýady­gär­lik su­ra­ta düş­dü­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Gurbanguly Berdimuhamedow har­by okuwçy­la­ra okuw­la­ryn­da uly üs­tün­lik­le­ri, dur­muşda dog­ry orun tap­mak­la­ry­ny, Wa­ta­na we­pa­ly bol­mak­la­ry­ny ar­zuw edip, da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, bu ýer­den ug­ra­dy.

“Nesil” gazeti,

16.05.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014