PAÝTAGTYMYZ OKGUNLY ÖSDÜRILÝÄR

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatdaky we onuň töwereklerindäki täze gurluşyklarda işleriň barşy bilen tanyşdy.

11-nji maýda hormatly Prezidentimiz gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda milli Liderimiz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şäher düzümlerini kämilleşdirmek, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer bilen ýurdumyzyň baş şäheriniň köçelerine welosipedde bilelikde aýlanan wagty ol hormatly Prezidentimize Aşgabady hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak boýunça ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şäherde alnyp barylýan 27 sany toplumlaryň we desgalaryň gurluşyk işleri, umuman, şäheriň hemmetaraplaýyn ösüşine laýyk gelmelidir.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar hem-de häzirki döwürde gurluşygy dowam edýän desgalar barada hasabat berdi we bu ugra degişli taslamalary, çyzgylary görkezdi. Hasabaty diňläp hem-de görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, hormatly Prezidentimiz olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Soňra milli Liderimiz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny dikuçarda dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz şäheriň gündogar künjeginde, has takygy, Bagabat şäherçesinde gurluşygy alnyp barylýan 200 orunlyk şypahananyň we oňa barýan ýoluň taslamalary bilen tanşyp, bu işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň wajyp talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Dikuçarda paýtagtymyzyň demirgazygynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly adamlar üçin hem zerur bolan dynç alyş şertleriniň döredilmelidiginiň wajypdygyny belledi. Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Gurtly kölüniň dynç alyş üçin häzirki zaman şertlerini özünde jemleýän künjege öwrülmegi ugrunda işleri guramagy tabşyryp, anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň demirgazygynda gurulýan Awtoulag kärhanalar toplumynyň we awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan 200 orunlyk ýokanç keseller hassahanasyny gözden geçirdi. Bu lukmançylyk edarasy ýokanç keseller ýüze çykan wagtynda degişli derejede bejergi we olaryň öňüni almaga mümkinçilik berer. Bu hassahananyň düzüminde jemi 6 bölüm işlär. Gurluşyk meýdançasyny synlap, milli Liderimiz hassahananyň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanylmagy, onda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň, enjamlarynyň oturdylmagy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günbatar künjeginde, has takygy, Büzmeýin etrabynyň çäginde gurulýan desgalary synlady. Olaryň hatarynda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary möhüm orun eýeleýär. Bu öýlerdäki düzümleriň we şertleriň iň ýokary hil derejesinde bolmalydygy bellenildi, sebäbi munuň özi häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasyna bildirilýän esasy talapdyr. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Büzmeýin etrabynda köpugurly söwda merkeziniň, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň, Senagat köçesinde 20 sany 4 gatly 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň we Ahal köçesiniň ugrunda 7 sany 4 gatly 32 öýli, 2 sany 4 gatly 32 öýli we 1 sany 4 gatly 16 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de Güneşli köçesiniň ugrunda 9 sany 2 gatly 2 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

Uçuş belentliginden hormatly Prezidentimiz Köşi ýaşaýyş toplumyndaky hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyryndaky gurluşyk işlerini synlady we desgalar gurlanda ýerli tebigy şertleriň nazarda tutulmalydygyny, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmalydygyny nygtady. Şunda şäheri ösdürmegiň 16-njy nobatdaky tapgyrynyň maksatnamasynda türkmen halkynyň buýsanjy, dünýä medeniýetine goşan milli gymmatlygy bolan türkmen alabaýynyň binasyna aýratyn orun berilýändigini bellemek gerek. Şu ýerde hem umumy uzynlygy 5,5 kilometrden gowrak ulag ýolunyň gurluşygy göz öňünde tutuldy.

Soňra dikuçar howada öwrüm edip, häzirki döwürde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan «Garagum» myhmanhanasynyň üstünden geçdi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň merkezindäki binalary gözden geçirip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň, olaryň töwereginde arassaçylygy saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Belläp geçsek, häzirki wagtda paýtagtymyzyň bu künjeginde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 720 orunlyk orta mekdebiň hem-de 320 orunlyk daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen çagalar bagynyň, fitnes we döredijilik merkeziniň binalarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalary synlady. Şäheriň ähli künjeklerinde köp zolakly awtomobil ýollarynyň gurulmagynyň paýtagtymyzda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek bilen bir hatarda, sürüjiler we pyýadalar üçin amatly mümkinçilikleri üpjün etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz uçuş belentliginden Halkara estetiki bejeriş merkeziniň gurluşygyny synlady hem-de onuň gurulmagynyň ýokary hil derejesinde amala aşyrylyp, ähli zerur talaplara laýyk gelmelidigini, esasy bolsa, desganyň bellenilen möhletde tabşyrylmalydygyny belledi.

Uçuşyň dowamynda milli Liderimiz Aşgabadyň işewür düzüminiň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady. Häzir bu ýerde Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumy, «Arkadag» myhmanhanasy, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň edara binasy, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binasy, Hökümet münberiniň binasy, Kabul ediş merkeziniň binasy hem-de Welosiped binasy gurulýar. Şäheriň bu künjeginde ýakyn geljekde peýda boljak döwrebap desgalar paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirer we Aşgabadyň görküne görk goşar.

Paýtagtymyz boýunça iş saparyny tamamlap, döwlet Baştutanymyz wise-premýere şäherde gurulýan ähli desgalaryň bellenilen möhletlerde tamamlanylmagyny we gurluşykda häzirki zamanyň tejribeleriniň ulanylmagyny, binalaryň ösen halkara ülňülere laýyk derejede enjamlaşdyrylmagyny tabşyrdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz şähergurluşyk maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

14.05.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014