MÖHÜM MESELELER ÜNS MERKEZINDE

6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahata milli Liderimiz, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimini çagyrdy. Ol häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, şeýle hem abadançylyk, ýurdumyzyň baş şäherinde arassaçylyk işlerini üpjün etmek boýunça degişli gulluklaryň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem tomusky dynç alyş möwsümine we Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de Diýarymyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyna ünsi çekip, paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň şäher ilatynyň abadançylyk derejesiniň we paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi bilen baglanyşykly wezipeleri öz içine almalydyr. Hususan-da, mekdepleriň ýanyndaky dynç alyş meýdançalarynda okuwçylaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, gyzjagazlaryň el işleriniň inçe syrlaryny ele almagy, dürli daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin gurnaklar hereket etmelidir. Şeýle hem Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir.

Soňra welaýatlaryň häkimleri degişli yzygiderlilikde ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Hususan-da, häkimler welaýatlaryň daýhanlarynyň gowaça ekişini üstünlikli tamamlandyklaryny habar berdiler. Şeýle hem sebitlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaça we güýzlük bugdaýa edilýän ideg, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi. Gowaçalara edilýän ideg işleri bilen bir hatarda, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny belläp, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmelidigini aýtdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli desgalaryň ýokary hilli we öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileriniň gowaça ekişini doly tamamlandyklary barada hoş habary ýetirdi. Hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, milli Liderimiz ýurdumyzyň oba zähmetkeşlerini şatlykly waka bilen gutlady we olara alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Gowaçalara edilýän idegiň agrotehnikanyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu işleriň degişli derejede ýola goýulmagy bol hasylyň kepilidigini nygtady.

Şeýle hem wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň depginleri, olaryň ýokary hilini üpjün etmek we bellenilen möhletlerde geçirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Obasenagat toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, möwsümleýin işleri bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişelik üns merkezinde saklanmalydygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, milli Liderimiz hemmelere berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

09.05.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014