ASYLLY ÝÖRELGE — NESILLERE GÖRELDE

Sagdyn durmuş ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz işiniň juda köpdügine garamazdan, boş wagtlarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmak bilen watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýär. Öňňin irden hem milli Liderimiz adaty endigine eýerip, agtygy Kerim bilen welosipedli menzil aşdy we bedewler bilen didarlaşdy.

Döwlet Baştutanymyz agtygy Kerim bilen ady rowaýata öwrülen ajaýyp bedewiň hormatyna dikeldilen «Ýanardag» binasynyň deňinden geçip barýan pursatlarynda Ýanardag we behişdi türkmen bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki at-abraýy, şöhraty barada gürrüň berdi. Şeýle hem welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz agtygy Kerimiň okuwlary, onuň okuwdan boş wagtlary meşgullanýan sport we döredijilik işleri bilen gyzyklandy. Kerim atasyna okuwy, özleşdirýän dersleri barada gürrüň berdi. Milli Liderimiz haýsy iş bolsa bolsun, öňi bilen yhlasyň zerurdygyny belledi. Esasy zadyň her bir adamyň öz öňünde goýan maksady bolmalydygyny, şol maksada ýetmek ugrunda bolsa ähli ukyp-başarnygyňy gaýgyrman yhlas etmelidigini, diňe şeýdilende, beýik maksatlaryň amala aşyrylýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu babatda agtygyna gymmatly maslahatlary, öwüt-ündewleri berdi. Munuň özi türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň nesiller arkaly dowamata atarylýandygyny alamatlandyrýar.

Ýolugra Kerim özüniň türkmen tebigatyna, onuň gaýtalanmajak gözelligine we ynsan ruhuna edýän täsirine bagyşlanan saz eserini döretmegi maksat edinýändigi barada atasyna gürrüň berdi. Agtygynyň gowy maksadynyň bardygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz türkmen tebigatynyň asyrlaryň dowamynda döredijilik bilen meşgullanýan adamlar üçin esasy ylham çeşmesi bolup hyzmat edendigini, onuň islendik adamy biparh goýmaýandygyny, şeýle hem häzirki döwürde ýurdumyzda toý-baýramlaryň, şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň hormatyna toý sazlarynyň döredilmeginiň has-da ýerine düşjekdigini aýratyn belledi.

Bahar paslynyň säher çaglarynda bu künjegiň howa gurşawynda aýratyn ýakymlylyk bar. Dag etekleriniň gök lybasa beslenmegi, dürli bahar gülleriniň ajaýyplygy bu ýerde döredilen tokaý zolaklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, gözüň eglenýän görnüşleri döredýär. Bu künjegiň gözelliklerini synlap, milli Liderimiz tebigatyň ynsan üçin tenekarlygy bilen bir hatarda, onuň adamlaryň ruhunyň belende galmagynda oňyn täsiriniň bardygyny aýtdy. Bu bolsa tebigatyň adamlaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini, bu künjekde ekologiýa ýagdaýynyň ýokary derejä eýedigini görkezýär.

...Döwlet Baştutanymyz agtygy Kerim bilen welosipedde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, «Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen pähime eýerip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Toýly atly bedewe, Kerim bolsa Şapolat atly bedewe atlandy. Bedewli ýörişiň dowamynda milli Liderimiz türkmen atlary, olaryň taryhy we özboluşly gylyk-häsiýetleri barada agtygyna giňişleýin gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerimiň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça badalga berlen ýetginjek çapyksuwarlaryň ilkinji bäsleşiginde has ýokary netije görkezip, ýeňiji bolandygy hemmelere mälimdir. Munuň özi milli Liderimiziň göreldesiniň nusgalyk mekdebe öwrülýändigini alamatlandyrýar.

Kerim bedewlere aýratyn söýgi bilen garap, at seýislemegiň inçe syrlaryny ele alýar. Munuň özi iň gowy atşynaslyk däpleriniň dowam etdirilýändigini hem-de häzirki zaman derejesinde ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň Kerimiň çapyşyklara taýýarlan Miras atly bedewe atlanyp, halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolmagy hem şaýatlyk edýär. Şeýle hem milli Liderimiz agtygyna şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşykly rowaýatlary gürrüň berdi. Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda ösdürip ýetişdiren hem-de kemala getiren şöhratly bedewleri milli we dünýä medeniýetiniň gaýtalanmajak nusgasydyr.

Soňra Kerim çapuw ýodasynda bedewi öňatdy hereketleri bilen öz erkine goýberdi. Onuň ata ynamly erk etmegi, ykjamlygy çapyksuwarlygyň inçe syrlaryny yhlas bilen ele alandygyny äşgär edýär. Döwlet Baştutanymyz agtygynyň bedewiň üstünde ynamly oturyp, edýän hereketlerine syn etdi. At çapmaga uly höwesi bolan agtygynyň hereketi ata üçin örän buýsançly pursatlardyr. Agtygynyň bedewe erk edişini synlap, hormatly Prezidentimiz onuň erjelligine, yhlasyna mynasyp baha berdi. Şeýlelikde, türkmen bedewine goýulýan uly sarpa we asylly ýörelgeler nesilden-nesle geçirilýär, bu işler häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Milli Liderimiz agtygyna bedewe erk etmegiň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, behişdi bedewe mähriňi siňdirmeli, diňe şondan soň, çapyksuwaryň bedew bilen yhlasy sazlaşar.

Bedewleriň halkymyzyň ykbalynda uly orun eýeländigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz türkmenleriň bedewleri özüniň ýakyn syrdaşy saýandygyny, hut şu ýörelgeleriň ahalteke atlarynda nusgalyk häsiýetleriň jemlenmegini üpjün edendigini belledi. Häzirki döwürde milli atşynaslygyň asylly däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän netijeli usullaryň döwrebap derejede kämilleşdirilýändigini görkezýär.

“Nesil” gazeti,

19.05.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014