HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ÝAŞLARA SAR­GYTLARY

Halkymyzyň saglygy döwletimiziň baş baýlygydyr.

Eziz ýaşlar! Siz ynsan saglygyny berkitmekde bedenterbiýäniň ähmiýetiniň örän uludygyny hiç wagt unutmaly dälsiňiz.

Ýaşlara döwrebap bilim berip, ylmy-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek biziň öňümizde duran möhüm wezipedir.

Biziň döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr.

Garaşsyz, kuwwatly döwletimizde her bir adam, aýratyn-da, ýaşlar ertirki güne ynamly garamalydyr. Bu bolsa biziň döwlet syýasatymyzyň esasyny düzýär.

Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär. Şoňa görä-de, jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-da, Ýaşlar guramasynyň tagallalary ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge gönükdirilmelidir.

Ýaşlara etjek sargydym ― sport ynsanyň häsiýetini, maksada okgunlylygy, çydamlylygy, mertligi hemde durnukly bolmagy terbiýelemegiň ajaýyp serişdesidir.

Men ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlik ýörelgelerini, asylly milli hem-de zähmet däplerini mynasyp dowam edýän ýaş nesillerimiziň mundan beýläk-de ähli gujur-gaýratyny mähriban Watanymyzyň berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga bagyş etjekdigine berk ynanýaryn!

Halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanyp, biz ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berýäris.

Öňe, öňe, ýaşlar bilen diňe öňe, Jan Watanym Türkmenistan!

Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň süňňünde belent ahlak, ene-ata, halka we tutuş adamzada bolan beýik söýgi jemlenmelidir.

Mähriban ýaşlar! Watana wepaly bolmakda, zähmetsöýerlikde, ynsanperwerlikde, halallykda siz beýlekilere nusga bolmalysyňyz.

Geljegimiz bolan ýaşlaryň okap, zähmet çekip, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermegi üçin ähli şertleri mundan beýläk-de dörederis.

Eziz ýaşlar! Siz öz ajaýyp we päk ahlagyňyz, ýokary adamkärçilik häsiýetleriňiz bilen eziz Watanymyzy dünýä tanatmalysyňyz!

Türkmen ýaşlarymyz hemişe dostluk, doganlyk ýörelgelerine eýermelidir. Bu iki düşünje jemgyýetimiziň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini, Garaşsyz Watanymyzyň ösüşini üpjün edýän uly güýçdür.

Ýaşlar ähli güýçlerini, bilimlerini, ukyplaryny we tejribelerini eziz Diýarymyzyň depginli ösmeginiň we bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende galmagynyň hatyrasyna bagyş etmelidirler.

“Nesil” gazeti,

16.07.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014