NESIL TERBIÝESI : SAGDYNLYGYŇ WE YNSANPERWERLIGIŇ SAZLAŞYGY

Daşky gurşawy goramak, ösümlik hemde haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek, türkmen topragynyň ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 15-nji iýulda dynç alyşda bolýan milli Liderimiziň säher bilen ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň biriniň kenaryna gelip, bu ýerleriniň özboluşly tebigy aýratynlyklaryny, sähra gurşawynyň ynsan kalbyna ýakymly täsir edýän gözel görnüşlerini synlamagy, balyk tutmak bilen meşgul bolmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Bilşimiz ýaly, Diýarymyzyň suw howdanlarynda balyklaryň köp görnüşleriniň bolmagy hem-de olaryň yzygiderli köpeldilmegi kölleriň we howdanlaryň suwunyň arassaçylyk, balyklar üçin ýaramlylyk derejesiniň degişli kada laýyk gelýändigine güwä geçýär. Soňky ýyllarda amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegi netijesinde, ýurdumyzyň köp sanly suw howdanlarynda dürli guşlaryň 250-ä golaý görnüşiniň höwürtgeleýändigini we gyşlaýandygyny aýratyn nygtamaly. Belläp geçsek, häzirki döwürde kölde balyklaryň 25-e golaý görnüşi bar. Şolaryň bu howdanda bolmagy amatly ekologiýa ýagdaýyndan, onuň ekoulgamynyň durnuklylygyndan habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz balyk tutýan pursatlarynda Diýarymyzda çap edilýän döwürleýin metbugat neşirleri bilen tanyşdy. Gazet sahypalarynda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler, türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklary barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilipdir. Metbugat neşirlerinde çap edilen makalalaryň köpdürlüligi, olaryň ýerli ösümlik dünýäsi baradaky maglumatlary mazmun taýdan çuňňurlygy bilen täsir galdyrýar.

Metbugat neşirleri bilen tanyşlygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Türkmen dili» gazetinde çap edilen «Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde tebigat bilen baglanyşykly sözler» atly makala üns berdi. Onda tebigatyň özboluşly aýratynlyklary, duş gelýän sözleriň, nakyllaryň mazmuny barada giňişleýin düşündiriş berilýär. Gadymy sözlükde beýan edilişine görä, balyk bilen baglanyşykly «Balygyň suwda gözi açyk» diýen nakyl adamyň käbir gylyk-häsiýetleri bilen baglanyşykly manyny açyp görkezýär. Munuň özi türkmen diliniň gadymy döwürlerden bäri çuňňur many-mazmuna eýedigini alamatlandyrýar.

Milli Liderimiz balyk tutýan pursadynda çeňňege düşýän balyklaryň has ulularynyň hem bardygyna göz ýetirdi. Munuň özi kölde ýaşaýan balyklaryň sazlaşykly köpelmegi we ulalmagy üçin suwda zerur ähli mümkinçilikleriň bardygyny äşgär edýär. Döwlet Baştutanymyzyň aýtmagyna görä, balyk tutulýan pursatlarda garaşylmadyk wakalar hem ýüze çykýar. Bu bolsa balyk tutmagyň özboluşly häsiýete eýediginiň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň abadançylygynyň, daşky gurşawyň ýokary ekologiýa derejesine eýediginiň nyşany bolan ajaýyp kölden tutan balyklaryny paýtagtymyzdaky «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänlere sowgat hökmünde iberdi. Döwlet Baştutanymyzyň howandarlygynda «Döwletliler köşgünde» sazlaşykly ösmek hem-de ýaş türkmenistanlylaryň çuňňur bilim almagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilendir.

Çagalar sowgady şatlyk bilen kabul etdiler. Ýörite gapda getirilen balyklary synlap, «Döwletliler köşgüniň» okuwçylary hormatly Prezidentimize atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar. Bu pursatlar milli Liderimiziň ösüp gelýän nesli terbiýelemek meselelerine aýratyn üns berýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, balyk iň gymmatly azyk önümleriniň biridir, onuň düzüminde A, D, E witaminleri, kalsiý, ýod, demir, magniý we beýleki serişdeler bar. Hususan-da, gaýnadylan we buglanan balyklaryň, balyk çorbasynyň ýokumlylyk derejesiniň has-da ýokarydygyny lukmançylyk ylmy tassyk etdi. «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänler özleri üçin iberilen balyklardan taýýarlanan balyk çorbasyndan dadyp, yzygiderli edýän atalyk aladalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.

Ýeri gelende bellesek, «Döwletliler köşgünde» sazlaşykly ösmek, häzirki zaman bilimini özleşdirmek hem-de terbiýe bermek, döredijilik we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler netijeli peýdalanylýar.

Bagtyýar çagalar Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişjekdiklerine, hünär eýesi bolup, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

“Nesil” gazeti,

18.07.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014