ANYK ÇÄRELER GÖRÜLDI, TAGALLALAR ÜSTÜNLIKLI BOLDY

BSGG-niň bilermenleri ýurdumyzda geçirilen monitoringiň jemlerini jemlediler

15-nji iýulda Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň hökümetiniň çakylygy boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň jemleri boýunça maslahat geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, beýleki döwlet düzümleriniň, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ýerli, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesine we bu ugurda gazanylýan üstünliklere bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde, bu pudak soňky ýyllarda dünýä ölçegleriniň ýokary derejesine çykdy. Şoňa görä, dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaramaz täsiri zerarly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, ýurdumyza tutuş adamzada çynlakaý wehim salýan ýokanç keseliň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça zerur işleriň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzda geçirilýän öňüni alyş çäreleri bilen tanyşmak, bu howply ýokanjyň ýüze çykan halatynda, oňa dessin çäreleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistana Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň maslahat beriş-tehniki toparynyň bilermenleri çagyryldy. Ýerli ilatyň arasynda COVID-19 ýokanjynyň ýüze çykmazlygy geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar.

Saparyň çäklerinde, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri 6-njy iýuldan başlap, Lebap, Balkan welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň dürli lukmançylyk edaralarynda, barlaghanalarynda, şeýle hem Özbegistan, Owganystan bilen serhetleşýän çäklerde, Türkmenistanyň deňiz derwezesi hasaplanylýan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda boldular. Olar arassaçylyk, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, barlaghana-anyklaýyş, hassalaryň kliniki barlagy, öňüni alyş we gözegçilik çäreleri bilen tanyşdylar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri ýurdumyzda bolýan on günlük saparynyň jemleri boýunça teklipleri taýýarladylar. Şolary türkmen tarapy milli saglygy goraýyş ulgamynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmekde nazara alar. Bu işleriň baş maksady ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almak üçin durmuşa geçirilýän çäreleri mundan beýläk-de kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Bellenilişi ýaly, dünýäde täze koronawirus ýokanjynyň dörändigi hakynda maglumatlaryň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda, wehime gyssagly garşy durmak, ýurdumyzyň çäklerini bu keseliň getirilmeginden we ýaýramagyndan goramak boýunça netijeli öňüni alyş çärelerine girişildi. Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Maglumat-gollanma kitapçalary taýýarlandy. Ilatyň ähli gatlaklarynyň arasynda şahsy gigiýena we saglyk durmuş ýörelgeleriniň düzgünlerini wagyz etmek işleri güýçlendirildi. Emele gelen ýagdaýlar bilen baglanyşykly ähli soraglara jogap almaga mümkinçilik berýän telefon aragatnaşygy yzygiderli işleýär.

Metbugat maslahatynda bellenilişi ýaly, türkmen lukmanlarynyň, ekologlaryň, hünärmenleriň köpýyllyk ylmy-barlaglarynyň netijesinde, gidrometeorologiýa we beýleki degişli ylmy ugurlarda adam saglygy üçin howply bolan ýagdaýlary, şol sanda wiruslary anyklamak, olaryň Merkezi Aziýanyň duýgur ekologiýa gurşawynda howa arkaly geçip bilmek mümkinçiligini ýüze çykarmak başartdy. Şunuň bilen baglylykda, epidemiýa garşy göreş boýunça Adatdan daşary döwlet toparynyň 5-nji iýulda geçirilen nobatdaky mejlisinde lukmanlar, söwda senagatynyň işgärleri, awtoulaglaryň sürüjileri we hyzmat edaralarynyň işgärleri üçin agyz-burun örtüklerini hökmany ulanmak baradaky çözgüt kabul edildi. Şeýle hem häzirki döwürde Aşgabatdaky «Berzeňňi», Ahal welaýatyndaky «Arçman», «Ýylysuw», Lebap welaýatyndaky «Farap», Mary welaýatyndaky «Baýramaly», Balkan welaýatyndaky «Mollagara» we Daşoguz welaýatyndaky «Daşoguz» şypahanalarynda ilata hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär. Epidemiýa garşy göreş boýunça Adatdan daşary döwlet toparynyň mejlisinde raýatlaryň tomus möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alşyny çäklendirmek boýunça çözgüt kabul edildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň pandemiýa garşy göreşde raýdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň amala aşyrylmagyna taýýardygyny belläp, BSGG-niň wekiliýetiniň baştutany Ketrin Smollwuddan hormatly Prezidentimiziň BSGG-niň Baş direktory Tedros Gebreisusa hem-de BSGG-niň Ýewropa sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy Hans Klýugä biziň ýurdumyza maslahat beriş-tehniki topary ibermek baradaky çözgüdi üçin aýdan minnetdarlygyny ýetirmegi haýyş etdi. Bellenilişi ýaly, şu hepdäniň başynda Türkmenistan ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilen çäreleriň has täze görnüşlerini girizdi. Aýratyn-da, köpçülikleýin medeni, jemgyýetçilik, sport, baýramçylyk, dini, arassalaýyş we zyýansyzlandyryş çärelerini geçirmek maksady bilen, iri söwda merkezleriniň, Aşgabat bilen welaýatlaryň arasynda hereket edýän demir ýol, awtomobil ulaglarynyň hereketini çäklendirmek, çagalar sagaldyş merkezleriniň indiki tapgyrynyň işini bes etmek çäreleri girizildi. Şeýle hem giriş synaglaryny ýerlerde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde geçirmek bellenildi. Jemgyýetçilik degişli aradaşlygy üpjün etmek boýunça talaplary berjaý etmegiň kadalary işlenip taýýarlanyldy.

Metbugat maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň halkara guramalar we birnäçe döwletler bilen özara gatnaşyklary boýunça amala aşyrýan işleriniň halkara ugurlaryna üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, COVID-19 ýokanjyna garşy durmagyň tehnologiýalaryna Elýeterlilik binýadyny (С-TAP) döretmegiň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň COVID-19 ýokanjyna garşy göreşiň gurallaryna bolan elýeterliliginiň üpjün edilmegi baradaky başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şoňa görä, ýakyn wagtda Ýörite çärede С-TAP Binýadynyň maksatlaryny we wezipelerini işjeňleşdirmek hakyndaky mesele işlenip taýýarlanylar. Ýörite çäräni ýiti ýokanç keselleriň ählumumy ýaýraýan döwründe çaga keselleriniň meseleleri boýunça BMG-niň sebit maslahatynyň çäklerinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýurt edarasynyň baştutany Paulina Karwowskanyň, şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahat beriş-tehniki toparynyň Türkmenistana gelen baştutany, BSGG-niň adatdan daşary ýagdaýlar meseleleri boýunça Ýewropa sebit edarasynyň baş hünärmeni hanym Ketrin Smollwudyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan pandemiýa garşy göreşmekde netijeli çäreleri durmuşa geçirdi. Keseliň ýaýramagynyň öňüni almak bilen baglanyşykly geljekki çäreler kesgitlenildi. Türkmenistana saparynyň jemlerini jemläp, BSGG-niň wekiliýetiniň ýolbaşçysy birnäçe wajyp teklipleri öňe sürdi.

BSGG Türkmenistanda goşmaça kabul edilen çärelere esaslanyp, Hökümetiň ýokanç keseliň ýurda aralaşmagynyň öňüni almak we onuň ýaýramak mümkinçiliklerini aradan aýyrmak boýunça ähli zerur çärelerini güýçlendirmeli. Munuň özi keseliň ýüze çykan halatynda degişli karantin çärelerini görmek zerurlygyndan, kesellän adamlaryň beýlekiler bilen gatnaşykda bolmazlygyna gözegçilik etmekden we kesellänlere doly bejeriş işlerini geçirmekden ybaratdyr. Şeýle hem СOVID-19 ýokanjy boýunça degişli işleriň saglygy goraýşyň adaty hyzmatlarynyň derejesinde alnyp barylmagy üçin lukmançylygyň ähli ugurlarynda СOVID-19 ýokanjynyň bejeriş ulgamlaryna gözegçiligi ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa öz tarapyndan Türkmenistanyň hökümetine BSGG-niň wekiliýetini çagyrandygy we duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, şu hepdäniň başynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň girizilmeginiň wajypdygy aýratyn bellenildi. Ýokanç keseliň ählumumy wehimi durmuşyň iki sany wajyp ugruna ýaramaz täsir edýär: şolaryň biri ilatyň saglygyna, beýlekisi bolsa ýurduň durmuş-ykdysady ýagdaýyna täsir edýär. Soňky aýlarda BMG-niň goldaw bermeginde iki esasy milli meýilnama işlenip taýýarlandy we olar ýokary syýasy derejä eýe boldy.

15-nji iýulda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly BSGG-niň Kopengagendäki edarasynyň wekilleri bilen bolan onlaýn duşuşykda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga DIM-niň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri, BMG-niň düzüm bölekleriniň we agentlikleriniň ýolbaşçylary, ýer­li, da­şa­ry ýurt žur­na­list­ler ça­gy­ryl­dy.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda öz wagtynda geçirilen anyk çäreler netijesinde СOVID-19 keseliniň ýüze çykan ýagdaýyny tassyklaýan bir mysal hem bellige alynmady. Şu günlerde bilelikde geçirilen netijeli işler üçin taraplar mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirdiler.

“Nesil” gazeti,

18.07.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014