ÝURDUMYZA BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GU­RA­MA­SYN­DA SYN­ÇY­NYŇ DE­RE­JE­SI BE­RIL­DI

Üstümizdäki ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) ýerleşýän ştab-kwartirasynda BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň bu abraýly gurama synçynyň derejesini almaga bolan sargydyna garaldy.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen tarapyndan ýurdumyzyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili, şeýle hem ýurdumyzyň Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri mejlisiň onlaýn görnüşinde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdylar.

Baş geňeşiň mejlisine gatnaşyjylara Türkmenistanyň BSG goşulmak ýagdaýynyň çeşmeleri, hususan-da, milli Liderimiziň döwletimiziň daşary ykdysady işini ösdürmek babatda alyp barýan täzeçillik syýasaty hakynda maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, onda 2020 — 2025-nji ýyllara niýetlenen degişli Maksatnama möhüm resminama bolup durýar. Ýurdumyzyň BSG-niň synçysy derejesine eýe bolmagy milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini, daşary söwda gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň berkidilmegini, köptaraply hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini, daşary ýurt maýa serişdeleriniň çekilmegini şertlendirer. Şeýle hem bu dereje geljegi uly täjirçilik we söwda strategiýasyny işläp taýýarlamakda, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ähmiýetli bolar.

BSG-niň Baş geňeşine gatnaşyjy döwletleriň wekilleriniň teklibi ara alyp maslahatlaşmalaryndan soň, Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasyna synçynyň derejesini bermek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

Ýeri gelende bellesek, häzirki döwürde dünýäniň 164 ýurdy BSG-niň agzasy bolup durýar. Döwletleriň birnäçesi synçy derejesine eýedir. Türkmenistan synçy derejesine eýe bolan 25-nji döwletdir. Synçynyň derejesi BSG-niň geçirýän resmi çärelerine gatnaşmaga mümkinçilik berýär we onuň esasy resminamalaryna, şeýle hem bu guramanyň söwda meseleleri boýunça tehniki goldaw maksatnamasyna elýeterliligi üpjün edýär. Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak we döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň bu derejäni almagy üçin ägirt uly maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylandygyny bellemeli.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň BSG goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek işleri hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 2013-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda degişli Hökümet toparynyň döredilmegi bilen başlandy. Bu ugurda alnyp barylýan çäreleri işjeňleşdirmek hem-de oňa täze itergi bermek maksady bilen, milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 15-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda Hökümet toparynyň düzümi täzelenip, oňa ýurdumyzyň daşary ykdysady işine jogap berýän esasy edaralar girizildi.

Geçen ýyllaryň dowamynda BSG bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň çäklerinde dürli derejedäki birnäçe çäreler, şol sanda 2016-njy ýylyň maý aýynda Aşgabatda guralan «Merkezi Aziýa we köptaraply söwda ulgamy» atly ýokary derejeli forum we beýlekiler, şeýle hem ugurdaş maslahatlardyr duşuşyklar geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýörite ylmy-barlag işleri hem taýýarlandy. 2019-njy ýylyň 30-njy iýulynda Hökümet toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň jemleri boýunça Türkmenistana synçynyň derejesini almak arkaly BSG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň işjeň tapgyryna geçmegiň zerurdygy nygtaldy. Geçen ýylyň awgust aýynda Bütindünýä söwda guramasynyň wekiliýeti birinji Hazar ykdysady forumyna, onuň öň ýanynda BSG-ä girmek meseleleri boýunça geçirilen milli okuw maslahatyna, şeýle hem türkmen tarapynyň wekilleri bilen guralan ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşdy. 2019-njy ýylyň 28-nji awgustynda geçirilen Hökümet toparynyň ikinji mejlisinde BSG bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça geljekki anyk hereketler barada çözgüt kabul edildi. Şu ýylyň aprel we maý aýlarynda geçirilen onuň üçünji hem-de dördünji mejlisleriniň jemleri boýunça Türkmenistanyň BSG-ä synçy derejesinde gatnaşmagynyň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşine ýardam etjekdigi baradaky netijenama çykaryldy. Şeýle hem şu ýylyň 15-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulyşmagy hakynda teklibi makullap, degişli Karara gol çekdi. Netijede, 22-nji iýulda Türkmenistana BSG-de synçy derejesiniň berilýändigi hakynda çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi aýratyn guwandyryjydyr.

Umuman, Bütindünýä söwda guramasynyň işine synçy hökmünde gatnaşylmagy Türkmenistanyň halkara söwda we ykdysady giňişlige netijeli goşulyşmagyna ýardam berer.

“Nesil” gazeti,

25.07.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014