HALKARA GI­ŇIŞ­LI­GIN­DE ÝUR­DU­MY­ZYŇ OR­NY BAR­HA ILER­LE­ÝÄR

Muňa hormatly Prezidentimiziň dürli ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri hem aýdyň şaýatlyk edýär

TÜRKMENISTAN — ÖZBEGISTAN: dostluk we goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlylyk

24-nji iýulda milli Liderimiz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň resmi bölümine geçmezden ozal, döwlet Baştutanymyz özbek kärdeşini doglan güni hem-de Muhammet pygamberiň ýaşy — 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra taraplar halkara ykdysady gatnaşyklara oňaýsyz täsir edýän häzirki döwrüň ählumumy meselesine — täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy baradaky gürrüňe geçip, bu howply keseliň ýaýramagyna garşy göreşde ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamalydygyny, yzygiderli ýagdaýda arassaçylyk — karantin çäreleriniň geçirilmelidigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda türkmen Lideriniň ylmy diplomatiýanyň gurallaryny işjeň herekete getirmek, şeýle-de Alym-lukmanlaryň halkara geňeşini döretmek baradaky başlangyçlarynyň möhümdigi, öz wagtynda öňe sürlendigi nygtaldy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz tebigy ýagdaýlaryň dürli ýokanç keselleriň Aral zolagynda emele gelýän tozanly howa akymlary arkaly uzak aralyklara ýaýramagyna täsir edip biljekdigini belledi. Şawkat Mirziýoýew bu pikiri goldap, Özbegistanda geçirilýän çäreler, şol sanda Aral deňziniň guran düýbünde sazaklaryň ekilýändigi barada gürrüň berdi. Türkmenistan hem maksada gönükdirilen çäreler toplumyny amala aşyrýar. Hususan-da, Daşoguz welaýatynda işjeň çäreler geçirilýär, bu ýerde ýörite tokaý zolagy döredildi, ol Aral tarapdan öwüsýän tozanly ýeller üçin özboluşly süzgüç bolup hyzmat edýär.

Prezidentler ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýetilen ýokary derejesiniň geljekde hem netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

TÜRKMENISTAN — BAHREÝN: gatnaşyklar işjeň ösdürilýär

25-nji iýulda milli Liderimiz bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Taraplar häzirki taryhy döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýän döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, söhbetdeşler ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde we söwda-ykdysady pudagynda bolşy ýaly, medeni-ynsanperwerlik ugurlarynda özara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki ugurlaryny nazara alyp, onuň anyk ugurlaryny kesgitlediler. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan türkmen-bahreýn gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär.

Hoşlaşanlarynda döwlet Baştutanymyz we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa birek-birege Gurban baýramy mynasybetli hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

TÜRKMENISTAN — BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI: döwletara hyzmatdaşlyklar berkidilýär

25-nji iýulda hormatly Prezidentimiz bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz Dubaýyň häkimini we BAE-niň dostlukly halkyny yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy bilen gutlady. Gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň Premýer-ministri Mohammed bin Raşid Al Maktum öz gezeginde döwlet Baştutanymyza hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda ýola goýlan diplomatik, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmeginiň taraplaryň syýasy isleglerine hem-de bähbitlerine doly laýyk gelýändigi bellenildi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz BAE-niň Wiseprezidenti Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma iki döwletiň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine we möhüm ugurlar boýunça ýola goýulýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine üns berýändigi hem-de şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem şol gün milli Liderimiz bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaid Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmeginiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek, şol sanda daşary syýasat edaralary ulgamyndaky gatnaşyklar bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy sebitleýin hemde ählumumy meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, halkara ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsiri bolan we adamzada täze wehim salýan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere hem deglip geçildi.

Taraplar söhbetdeşligiň ahyrynda döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ynanyşmak, açyklyk we birek-birege düşünişmek esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

“Nesil” gazeti,

28.07.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014