TÜRKMENISTAN — KOREÝA RESPUBLIKASY: döw­le­t a­ragat­na­şyk­lar pug­ta­lan­dy­ryl­ýar

28-nji awgustda hormatly Prezidentimiziň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary söhbetdeşligiň barşynda özara ynanyşmagyň we birek-birege hormat goýmagyň berk binýadynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň örän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler.

Milli Liderimiz soňky döwürde hil taýdan täze derejä çykarylan türkmen-koreý gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hemişe üns berýändigi üçin koreýaly kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn häzirki gatnaşyklaryň ähli esasy ugurlary — daşary syýasaty, ykdysadyýeti, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygyny nygtady.

Taraplar iki ýurduň halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da umumydygyny tassyklap, mundan beýläk-de dünýä giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada ylalaşdylar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýlan özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýdyp, söhbetdeşler «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň işiniň netijeli häsiýetine ýokary baha berdiler. Türkmen-koreý gatnaşyklary meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň aýratyn orun eýeleýändigini belledi. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ulgamlarynda işleýän koreý kompaniýalarynyň köpýyllyk üstünlikli işi onuň möhüm bölegidir. Nebitgaz we gaz-himiýa toplumlaryny döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, Gyýanly şäherçesinde döwrebap polimer zawodyny gurmak boýunça taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Söhbetdeşler iki ýurduň daşary syýasat edaralaryny hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we işjeňleşdirmäge, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek meseleleriniň üstünde mundan beýläk-de işlemäge gönükdirmegiň wajypdygy barada bir pikire geldiler. Mälim bolşy ýaly, ulag ulgamynyň binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamanyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistana gelip gowşan bütin dünýäde meşhur «Hyundai» awtobuslarynyň nobatdaky uly tapgyry, ýagny 400-si şeýle ysnyşykly gatnaşyklaryň aýdyň netijeleriniň biridir. Prezidentler Hökümetara toparlaryň, Işewür geňeşleriň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ornuny belläp, Türkmen-koreý işewür geňeşiniň golaýda geçirilen nobatdaky mejlisiniň döwletara söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Bulardan başga-da, taraplar däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň örän wajypdygyny nygtadylar. Taraplaryň pikirine görä, bu babatda lukmançylyk hem-de saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk örän netijeli bolup biler. Häzirki wagtda tutuş adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan täze, örän howply wehimi — COVID-19 täze görnüşli ýokanç keseli nazara almak bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklar örän wajyp hasaplanylýar.

Prezident Mun Çže In hormatly Prezidentimizi ýetip gelýän döwlet baýramlary bilen gutlady we bu dabaralara gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň ýokary wezipeli wekilini ugradýandygyny belledi. Milli Liderimiz Koreýa Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň hemişe Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda boljakdygyny belledi. Ýurdumyz Koreýa Respublikasyny ygtybarly dost hem-de hyzmatdaş hasaplaýar. Döwlet Baştutanymyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy guramaga yhlasly çemeleşýändigi üçin minnetdarlyk bildirip, Mun Çže In 2019-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistana bolan döwlet saparyny hemişe aýratyn mähir bilen ýatlaýandygyny belledi. Ýurdumyz Merkezi Aziýada Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýokary wezipä girişenden soň, sapar bilen gelip gören döwletleriniň ilkinjisi boldy. Koreý Lideri öz ýurdunyň okgunly ösýän Türkmenistan bilen köpugurly netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, türkmen kärdeşini nobatdaky duşuşygy üçin oňaýly daşarky şertler döredilende, özi üçin islendik amatly wagtda Koreýa Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli işlerinde mundan beýläk-de üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.

“Nesil” gazeti,

01.09.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014