SAGDYNLYK WE RUHUBELENTLIK

Ýaş­la­ry­my­zyň ba­ky hem­ra­sy bol­ma­ly­dyr

Hormatly Prezidentimiz sport ulgamynyň täze desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­na, bi­li­mi, spor­ty ös­dür­mä­ge, bu mö­hüm ul­gam­la­ry dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga uly üns be­rilýär. Türk­me­nis­tan­da bi­lim ul­ga­my­nyň hi­li­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak, tür­gen­le­riň hü­när de­re­je­si­ni kä­mil­leşdir­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ul­ga­myň maddy-enjamlaýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga köp muk­dar­da ma­ýa go­ýum­lar gö­nük­di­ril­ýär, onuň dü­zü­mine yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry, şol san­da san­ly tehno­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­ýar. Yn­ha, 1-nji sent­ýabr­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň eda­ra bi­na­sy­nyň hem-de Türk­men döwlet be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­bara­sy­nyň bol­ma­gy hem mu­nuň no­bat­da­ky my­sa­ly­dyr.

Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, mil­li sport ul­ga­myn­da uly öz­gertme­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, öz üs­tün­lik­le­ri bi­len ýur­du­my­zyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­mä­ge, sport ba­bat­da ga­za­ny­lan­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga sal­dam­ly go­şant goş­ma­ga taý­ýar ze­hin­li ýaş­la­ryň tä­ze nesli ke­ma­la gel­ýär. Şo­ňa gö­rä, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türkme­nis­ta­nyň sport ul­ga­myn­da­ky bi­lim işi­ni mil­li tej­ri­bä­ni ne­ti­je­li ulan­mak bi­len bir­lik­de, dün­ýä­niň iň go­wy tej­ri­be­sini öz­leş­dir­mä­ge gö­nük­dir­ýär. Şun­da, aýratyn-da, türk­men spor­tu­ny tä­ze be­lent­lik­le­re çy­kar­ma­ga ýar­dam et­jek ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şeý­le hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­da Türk­men döw­let be­denter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty mö­hüm orun eýe­le­ýär. Şeý­le­lik­de, bu gün ýur­du­myz­da sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň bar­ha giň ge­ri­me eýe bol­ýan­dy­gy ýaş nes­liň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­sini saý­lap al­ýan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Täze bina: giň mümkinçilikler we şertler

Güýzüň ilkinji güni ýurdumyzyň ýokary sport mekdebiniň täze binasynyň öňüne ýolbaşçylar düzümi, talyplar we türgenler ýygnandylar. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlary ýurdumyzda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de sport ulgamynyň täze döwrebap binalar toplumynyň ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, milli Liderimiz binanyň içine girdi. Ýeri gelende aýtsak, ulanylmaga berilýän täze okuw-edara toplumy «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi.

Sport toplumynda döwlet Baştutanymyzy talyplar we olaryň halypalary — tälimçiler tüýs ýürekden mübäreklediler. Futzal boýunça türgenler bilen söhbetdeş bolup, hormatly Prezidentimiz olaryň Watanymyzyň sport abraýyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna, iri ýaryşlara oňat taýýarlyk görjekdiklerine we öňümizdäki halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etjekdiklerine ynam bildirdi. Şeýle hem sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynyň gurluşy, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda, hünärli türgenleri taýýarlamak boýunça mümkinçilikler bilen tanşyp, milli Liderimiz woleýbolçylaryň, futzalçylaryň, tennisçileriň we basketbolçylaryň türgenleşigine syn etdi. Döwlet Baştutanymyzyň özi hem futbol pökgüsini ussatlyk bilen urup hem-de woleýbolçylara pökgini geçirip, sport başarnygyny görkezdi. Tennisçileriň oýnuny synlap, sportuň bu görnüşine hem ajaýyp erk edýän hormatly Prezidentimiz talyplar bilen okuwlar geçilende nämelere üns berilmelidigi barada tälimçä dürli maslahatlary berdi.

Bellemeli zat, iki gatly köpugurly sport toplumynda bilýard, küşt üçin niýetlenen zallar, mugallymlar üçin niýetlenen we bedeni owkalaýyş otaglary, lukmançylyk bölümi hem-de beýleki otaglar ýerleşýär. Binanyň birinji gatynda ýerleşen türgenleşik meýdançalarynyň ählisi 100 adama niýetlenendir, ikinji gatda bolsa bir wagtyň özünde 50-den gowrak talyp meşgullanyp biler. Sport toplumynyň binasyndan çykyp, milli Liderimiz ýanaşyk ýeriň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Şol ýerde bäş gatly 450 orunlyk umumyýaşaýyş jaýy, dynç alyş zolagy, awtoduralga, welosiped we ylgaw ýodajyklary döredilipdir. Bag ekmek meselesine aýratyn üns berip, döwlet Baştutanymyz nahallary seçip almak babatda olara degerli maslahatlary berdi.

Baş maksat — ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak

Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasyna girip, hormatly Prezidentimiz onuň tehnologik üpjünçiligi bilen tanyşdy. Häzirki wagtda bu ýerde talyplaryň 508-si okaýar we türgenleşýär. Toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, okuw otaglary döwrebap kompýuterler bilen üpjün edildi. Anyklaýyş zalyna baryp, milli Liderimiz bu ýerde gurnalan ýörite döwrebap enjamyň iş aýratynlyklary hem häsiýetnamalary bilen giňişleýin gyzyklandy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz trenažýor zalyna bardy. Enjamlary saýlamaga hem-de türgenler üçin ýörite türgenleşik maksatnamalaryny düzmäge gatnaşan fitnes boýunça meşhur nemes hünärmeni Bert Rouşenbah täze sport toplumynyň enjamlarynyň, trenažýorlarynyň häsiýetnamalary we aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz trenažýorda käbir maşklary, şol sanda westibulýar synalary türgenleşdirmek üçin niýetlenen maşklary ýerine ýetirdi.

Milli Liderimiz sport we ýaşlar syýasaty ministrine sport merkezleriniň tehniki üpjünçiligini kämilleşdirmegi dowam etmegi, nemes bilermeni bilen bilelikde fitnes-maslahat boýunça hünärmenleri taýýarlamak meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy. Täze fakultetiň mugallymlaryny we talyplaryny döwrebap desganyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, döwlet Baştutanymyz olara sport ulgamynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi. Ýokary okuw mekdebiniň wekilleri hormatly Prezidentimize giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Ýetilen sepgitler — geljekki ösüşlere badalga

Soňra milli Liderimiz Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasyna ugrady we şol ýerde toý bagyny kesdi. Binanyň birinji gatynda 300 orunlyk mejlisler zaly, 2 — 7-nji gatlarynda edaranyň işgärleri üçin otaglar ýerleşýär. 8-9-njy gatlarda sport täzeliklerini, habarlary ýazmak hem-de ýaýlyma goýbermek üçin niýetlenen studiýalar, tehniki otaglar bar.

Döwlet Baştutanymyz sport muzeýine bardy. Muzeýde goýlan gymmatlyklar Diýarymyzyň sportuny ösdürmek ugurlaryna, döwlet syýasatyna we täze taryhy eýýamda bu ulgamda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanypdyr. Hususan-da, eksponatlaryň arasynda abraýly halkara ýaryşlarda türkmen türgenleriniň dürli ýyllarda gazanan baýraklary, ýadygärlik sowgatlyklar bar. Hormatly Prezidentimiziň ady bilen baglanyşykly gymmatlyklar aýratyn hormatly orny eýeleýär. Şeýle hem muzeýiň gymmatlyklarynyň arasynda ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan dürli üstünlikleri üçin berlen Ginnesiň rekordlar kitabynyň güwänamalary, 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynyň medallary, köp sanly kuboklar we dürli ýaryşlaryň baýraklary bar.

Bu ýerde milli Liderimiz lukman we alym-lukman hökmünde ýokanç keseller, şol sanda koronawirus bilen kesellemegiň sebäplerini, ýollaryny, onuň barşynyň hemme tapgyrlaryny, töwekgelçiliklerini aýtdy hem-de güýçli immunitetiň saglyk üçin bu howpuň garşysyna neneňsi hereket edip bilýändigini düşündirdi. Şeýlelikde, ministrligiň binasyny gözden geçirmegi tamamlap, döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy we bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

03.09.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014