EZIZ WATANYMYZY GORAMAK MUKADDES BORÇDUR

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de Ýaragly Güýçleriň işini has-da kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeler girizildi.

Göçme mejlisde, ilki bilen, goranmak ministri çykyş edip, Milli goşunyň harby bölümlerinde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler, ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, şeýle hem şanly sene — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe we harby gulluga çagyryş möwsümine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hasabaty diňläp, milli Liderimiz degişli ugurda mundan beýläk-de yzygiderli çäreleri görmegi tabşyrdy, watançylyk terbiýesini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi.

Soňra içeri işler ministriniň hasabatyny diňläp, döwlet Baştutanymyz jenaýatçylygyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, ministre anyk görkezmeleri berdi. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar bilen geçirilýän biraýlykdaky meýilleşdirilen çäreleriň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz olaryň geçirilişini gözegçilikde saklamagy talap etdi. Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda Permana gol çekdi hemde onuň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy, Ýokary kazyýetiň başlygy şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, milli kazyýet ulgamyny özgertmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyz serhet gullugynyň öňünde duran işlere ünsi çekip, onuň möhüm ugurlarynyň hatarynda serhet galalarynyň döwrebaplaşdyrylmalydygyny kesgitledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz kazyýet edaralarynyň baş wezipesiniň türkmenistanlylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan ybaratdygyny belledi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz Baş prokuroryň, milli howpsuzlyk ministriniň, adalat ministriniň hasabatlaryny diňläp, degişli düzümlerde işleri kämilleşdirmek bilen bagly anyk görkezmeleri berdi. Hususan-da, prokuratura edaralarynyň kanunyň hemme zatdan ýokarda bolmagyny üpjün etmelidigi, ýurdumyzda durnukly we jemgyýetçilik-syýasy abadançylyk ýagdaýyny üpjün etmek işinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň eýeleýän ornunyň uludygy nygtaldy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy yzygiderlilikde çykyş edip, ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdiler. Häzirki wagtda Ýewraziýa yklymynda üstaşyr-ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän geostrategik ornunyň barha ýokarlanýandygyny, şeýle hem Migrasiýa gullugynyň işine ulgamlaýyn esasda çemeleşmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan giň gerimli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Milli Liderimiz ýaş esgerleri watançylygyň, mukaddes borja wepalylygyň iň oňat däplerinde terbiýelemegiň möhüm talap bolmagynda galýandygyny belledi hem-de wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň öz üstlerine ýüklenen wezipeleri berjaý edişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mejlisde käbir beýleki meselelere hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary nyşana ok atmak üçin niýetlenen atyşhana meýdançasyna tarap ugradylar. Dag etegindäki okuw-türgenleşik meýdançasyna gelip, hormatly Prezidentimiz atyşhana meýdançasynyň enjamlaşdyrylyşy, onda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy, harby gullukçylaryň we serkerdeleriň harby tälimlerden netijeli baş alyp çykmagy, yzygiderli kämilleşmegi bilen baglanyşykly meselelere üns berilmelidigini tabşyrdy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wisepremýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary nyşana ok atyp, ýaraga erk etmek endigini görkezdiler. Milli Liderimiz atylan nyşanalary synlady we ähli harby düzümleriň esgerleriniň, serkerdeleriniň ýaraglaryň dürli görnüşlerine erk etmek endikleriniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, degişli edaralaryň şahsy düzümleriniň arasynda guralýan harby taýýarlyk okuwlary hem-de taktiki tälimler yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr. Munuň özi harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, eziz Watanymyzy goramak boýunça mukaddes borjuň üstünlikli berjaý edilmegine ýardam berýär. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň her biriniň nyşana ok atyşlaryna degişli bahalary berip, hormatly Prezidentimiz olara bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň nyşana atan oklarynyň onuň merkezine degmegi milli Liderimiziň ýaraga ussatlyk bilen erk edýändigini görkezdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem aýry-aýry duran üç sany nyşananyň hersine bir ok atdy, nyşanalaryň her birini dürs urdy. Ulag serişdesinde gurnalan häzirki zaman çalt ot açýan ýaragy bilen hem ýörite nyşanadan atyp, hormatly Prezidentimiz ony dürs urdy. Ýygnananlara ýüzlenip, milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň sportuň harby-amaly görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagynyň harby işde söweşjeň wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine bildirilýän esasy talapdygyny belledi. Bu ugurda görülýän çäreler netijeli häsiýete eýe bolmalydyr.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

05.09.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014