DUR­NUK­LY ÖSÜŞ ÜP­JÜN EDIL­ÝÄR

Munuň şeýledigini 4-nji sentýabrda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisi ýene-de bir gezek subut edýär.

Bil­şi­miz ýa­ly, is­len­dik ösen döw­le­tiň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy mak­sa­dy hal­kyň mad­dy hal-ýag­da­ýy­ny go­wulan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Şu nuk­daý­na­zar­dan se­rede­ni­miz­de, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da mil­li yk­dysa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­ýän­di­gi aý­ra­tyn bel­le­nil­me­li­dir. Mu­ňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 4-nji sent­ýabr­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­tiniň şu ýy­lyň se­kiz aýyn­da Hö­kü­me­tiň alyp ba­ran iş­le­ri­niň jemle­ri­ne ba­gyş­la­nan san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly no­bat­da­ky mej­li­si­niň my­sa­lyn­da hem aý­dyň göz ýe­tir­mek bol­ýar. Mej­li­se we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri hem ça­gy­ryl­dy. On­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň ha­sa­bat­la­ry diň­le­nil­di, ýur­du­myzy durmuş-ykdysady taý­dan ös­dür­me­giň wa­jyp me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy, kä­bir res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy. Ha­sa­bat­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, ge­çen se­kiz aýyň do­wamyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň yk­dysa­dy­ýe­ti­ni ok­gun­ly ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len oňyn ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy, ýag­ny je­mi içer­ki önü­miň 5,7 gö­te­rim ösü­şi­ni ga­zan­mak üpjün edil­di. Mu­nuň özi gňnüden-göni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­si­niň da­ba­ra­lan­ýandy­gy­ny äş­gär gör­kez­ýän ha­ky­kat­dyr.

Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, mej­lis­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Türkme­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň çap edi­len­digi­ni aýt­dy. Milletimiziň ga­dy­my­ýet­den gel­ýän ta­ry­hy­ny öw­renmek­de hä­zir­ki dö­wür­de bi­ze ze­rur bo­lan tej­ri­bä­ni top­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek bu ki­tap tu­tuş hal­ky­myz, aýratyn-da, ýaşla­ry­myz üçin gym­mat­ly çeş­me, gol­lan­ma bo­lar.

Şu ýylyň 8 aýynda ýerine ýetirilen işler we gazanylan netijeler:

Ykdysadyýet we maliýe ulgamlary boýunça:

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,4 göterim artdy.

Bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,4 göterim artdy.

Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 109,1 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 92,4 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2019-njy ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy.

Nebitgaz toplumy boýunça:

Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 102,2 göterim ýerine ýetirildi.

Tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 101,2 göterime deň boldy.

«Mawy ýangyjyň» eksportynyň meýilnamasy 100,8 göterime barabar boldy.

Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 103,1 göterime ýetdi.

Benzinleriň öndürilişiniň meýilnamasy 105,6 göterim boldy.

Dizel ýangyjynyň öndürilişiniň meýilnamasy 106,3 göterim ýerine ýetirildi.

Kerosiniň öndürilişiniň meýilnamasy 100,3 göterime deň boldy.

Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüşi 121,8 göterime ýetdi.

Ulag we kommunikasiýa toplumlary boýunça:

Toplum boýunça önümçilik meýilnamasy 114,5 göterim ýerine ýetirildi.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 103,4 göterime barabar ösüş gazanyldy.

«Türkmendemirýollary» agentligi boýunça meýilnama 116 göterim ýerine ýetirildi.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça ösüş 115,1 göterime ýetdi.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 107,4 göterim ýerine ýetirildi.

Ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 110,4 göterime deň boldy.

Ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 101,7 göterime barabar boldy.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş 109,1 göterime ýetdi.

Söwda toplumy boýunça:

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň umumy möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,3 göterime barabar boldy, önüm öndürmegiň meýilnamasy 123,1 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 101,8 göterime, nah matalar — 100,8 göterime, tikin we örme önümleri — 117,8 göterime, gön önümleri — 107,8 göterime barabar boldy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça haly we haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça birža söwdalarynyň 180-si geçirilip, 17 müň 681 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 125,5 göterime barabar boldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 110,8 göterime, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi bolsa 127,7 göterime barabar boldy.

Gurluşyk we senagat toplumy boýunça:

Toplumda önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça bellenen meýilnama 115,6 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 123,2 göterime barabar boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 108,8 göterim berjaý edilip, 107,7 göterim ösüş gazanyldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önüm öndürmek, işleri amala aşyrmak babatda meýilnama 104,3 göterim ýerine ýetirildi, şunda ösüş 107,1 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 127,7 göterime barabar bolup, meýilnama 118 göterim berjaý edildi.

Elektrik energiýasyny öndürmekde ösüş 114,5 göterime deň bolup, meýilnama 106 göterim ýerine ýetirildi.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 130,1 göterim berjaý edildi, şunda ösüş 156,7 göterime barabar boldy.

Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 112,7 göterim berjaý edilip, 103,3 göterim ösüş gazanyldy.

Bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlary boýunça:

Häzirki döwürde bilim ulgamyna döwrebap usullary, sanly tehnologiýany we dünýäniň ösen tejribelerini ornaşdyrmak ugrunda zerur tagallalar durmuşa geçirilýär.

Saglygy goraýyş ulgamynda häzir dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, maksatnamalaýyn çäreler görülýär.

Türkmen türgenleriniň öňde boljak halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeklerine gönükdirilen türgenleşik işlerine giň gerim berildi.

Medeniýet ulgamy boýunça:

Dürli medeni çäreleriň, şol sanda sergileriň, döredijilik bäsleşikleriniň we duşuşyklaryň, aýdym-sazly dabaralaryň, wagyz ediş işleriniň, 2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan beýleki çäreleriň birnäçesi guraldy.

Metbugat sahypalarynda, teleradio ýaýlymlarda hem-de internet sahypalarynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, geçirilýän giň gerimli özgertmeleri beýan etmek boýunça işler dowam etdirildi.

Obasenagat toplumy boýunça:

Toplum boýunça önümçiligiň umumy möçberi 110,2 göterime deň boldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça önümçiligiň umumy möçberi 110,7 göterime ýetdi.

Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça önümçiligiň umumy möçberi 106,5 göterime deň boldy.

«Türkmenatlary» döwlet birleşigi boýunça meýilnama 105 göterim ýerine ýetirildi.

Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 125,9 göterime ýetdi.

Halkara gatnaşyklary ulgamynda:

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Şoňa görä, ikitaraplaýyn Hökümetara toparlaryň we beýleki degişli düzümleriň nobatdaky mejlisleriniň birnäçesi geçirildi.

Wengriýanyň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Owganystanyň we Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik forumlary geçirildi.

Milli Parlamentde:

Mejlisiň iş toparlarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen täze kanunçylyk namalarynyň taslamalary taýýarlanylýar.

Dünýä tejribesini nazara alyp hemde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda kanunçylyk namalary kämilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça işler alnyp barylýar. Gelip gowşan teklipleriň ählisine iş toparynyň mejlislerinde jikme-jik seredildi.

Döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine taýýarlyk görülýär.

BMG-niň wekilhanalary hem-de beýleki abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde degişli işler geçirilýär.

Öňde goýlan wezipeler, gol çekilen resminamalar:

Ykdysadyýetimiziň ýagdaýyny her gün seljerip durmak, elektron senagatyny ösdürmek baradaky meselelere berk gözegçilik etmeli.

Häzirki döwürde emele gelýän ýagdaýdan ugur alyp, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamaly, bu resminamalary Halk Maslahatynyň öň ýanynda ara alyp maslahatlaşar ýaly, Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisine hödürlemeli.

Öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmeli, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaly.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligine wideomejlis aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin zerur bolan enjamlary, programma üpjünçiligini we ygtyýarnamalary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Vialex FZE» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Dokma toplumyny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine berk gözegçiligi amala aşyrmaly hem-de olaryň ýerine ýetirilişiniň netijeleri boýunça her aýda hasabat bermeli.

Indi öz öndürip biljek önümlerimizi daşardan getirmegi bes etmek zerur. Bu çäreler, ilkinji nobatda, ýurdumyzda täze iş orunlaryny döretmäge, telekeçileriň we raýatlarymyzyň iş ýerlerini saklap galmaga gönükdirilmeli.

Gurluşyk senagatyny ösdürmek, täze önümhanalary we kärhanalary gurmak bilen baglanyşykly işler berk gözegçilikde saklanmaly. Şeýle hem ähli desgalaryň gurluşygyna, şolarda alnyp barylýan işleri öz wagtynda tamamlamak meselelerine hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşmeli.

Ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmek we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak boýunça işleri dowam etdirmeli.

Ilatyň arasynda arassaçylyk meseleleri, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýurdumyzda görülýän çäreler barada düşündiriş işleri giňden alnyp barylmaly.

Öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak, gowulandyrmak we gorap saklamak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, milli Liderimiz «Öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermegiň tertibi hakynda» Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky», «Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň işini mundan beýläk kämilleşdirmek hakyndaky» Kararlara hem gol çekdi.

Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş hem-de ylmy edaralaryň degişli hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýerlerde jemgyýetçilik duşuşyklaryny geçirmegi, amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň we üýtgetmeleriň ähmiýetini raýatlara ýetirmegi dowam etdirmeli.

“Nesil” gazeti,

08.09.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014