YG­TY­BAR­LY ÖSÜ­ŞI ÜPJÜN ETMEK DÖW­RÜŇ MÖ­HÜM TALABYDYR

Hormatly Prezidentimiz täze oba hojalyk tehnikalaryny synlady we paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Bil­şi­miz ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly ýa­kyn­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň öňün­de pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek, teh­ni­ka­lar­dan do­ly güý­jün­de, ne­ti­je­li peýda­lan­mak ba­bat­da mö­hüm we­zi­pe­le­ri öň­de goý­dy. Şo­ňa gö­rä, pag­ta ýy­gy­my­nyň öňü­sy­rasyn­da ABŞ-nyň dün­ýä bel­li «John Dee­re» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pag­ta ýy­gy­jy teh­ni­ka­la­ry­nyň ýur­du­my­za ge­lip go­wuş­ma­gy aý­ra­tyn bel­le­nil­me­li­dir. 8-nji sent­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu tä­ze teh­ni­ka­la­ry syn­la­dy, gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän wise-premýeriň ha­ýy­şy bo­ýun­ça paý­tag­ty­my­zyň tä­ze des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gyn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de gu­rul­ma­gy meýil­leş­di­ril­ýän bi­na­la­ryň tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Bu­la­ryň äh­li­si mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­si­niň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Çün­ki yk­dy­sa­dy we durmuş-medeni kuw­wa­ty art­dyr­mak ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň esa­sy­dyr.

Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk täze tehnikalar

...Irden täze pagta ýygýan kombaýnlar goýlan meýdançada hormatly Prezidentimizi obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer hem-de oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri garşyladylar. Wise-premýer gelip gowşan oba hojalyk tehnikalaryna degişli maglumatlar barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu tehnikalar ýurdumyzyň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp öndürildi. Munuň özi oba hojalyk pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmakda, ösen tehnologik çözgütleri giňden peýdalanmakda aýratyn möhümdir. Täze gelip gowşan pagta ýygýan maşynlary gözden geçirip, milli Liderimiz pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek hem-de ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

«John Deere» — ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy

Ýeri gelende aýtsak, «John Deere» kompaniýasy türkmen daýhanlarynyň uzak möhletli we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Bütin dünýäde meşhur bolan amerikan tehnikasy indi 25 ýyldan gowrak wagtdan bäri içerki bazarda uly islegden peýdalanýar. Hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyza bu kysymly dürli oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň 8 müňe golaýy getirildi. Aýratyn nygtamaly zat, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, satyn alnan täze tehnikalaryň 600-si iki tapgyrda ýurdumyza gelip gowuşdy. Geçen ýyl pagta ýygýan kombaýnlaryň 300-si getirilip, olar bellenen tertipde welaýatlara paýlanyldy. Şu ýylyň pagta ýygymy möwsüminiň başlanmagynyň öňüsyrasynda bolsa, ýokarda agzalan kombaýnlaryň 300-si gelip gowuşdy.

Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak — ileri tutulýan wezipe

Türkmen halkynyň köpasyrlyk asylly däbine eýerip, hormatly Prezidentimiz täze pagta ýygýan maşynlaryň birine alaja dakdy. Milli Liderimiz täze tehnikanyň işleýşi, onuň häsiýetli aýratynlyklary we kombaýnlarda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz täze gelip gowşan pagta ýygyjy kombaýnlaryň işine ak pata berdi. Ýurdumyzyň oba hojalygyny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalara, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Raýat awiasiýasyny döwrebaplaşdyrmak möhümdir

Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy alnyp barylýan desgalar toplumynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşmak üçin bu ýerden ugrady. Milli Liderimiz ýolugra paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza alnyp barylýan işleriň netijeleri, öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, pudagyň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşinde we milli ykdysadyýetimiziň berkidilmeginde raýat awiasiýasyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiz döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn, şol sanda maliýe goldawynyň berilýändigine, salgyt tölemekde ýeňillikleriň döredilýändigine garamazdan, ýurdumyzyň howa ýollary ulgamynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belledi, degişli ýolbaşça ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky gezek duýdurdy.

Gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrlarda

Döwlet Baştutanymyz A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar. Wise-premýer täze desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, bezeg aýratynlyklary, şeýle hem gurluşygy meýilleşdirilýän desgalar babatda aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän taslamalar barada hasabat berdi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň bu künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işleri, ýollaryň, gök zolaklaryň abadanlaşdyrylyş derejesi, köçeleriň yşyklandyryş ulgamy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde şäheriň bu böleginde «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär, döredijilik merkeziniň gurluşygy bolsa tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Täze köpugurly döredijilik we sungat merkezi — özboluşly medeniýet ojagy

Milli Liderimiziň garamagyna A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň çatrygynda gurulmagy meýilleşdirilýän ýerasty geçelgäniň ýerleşiş çyzgysy, içki görnüşi, seýilgähiň şekil taslamasy, söwda we dynç alyş merkeziniň, döredijilik merkeziniň, edara ediş hem-de söwda maksatly binalaryň taslamalary hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň şu böleginde gurulmagy meýilleşdirilýän 10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň taslamasy, onuň ýerleşjek ýeriniň çyzgysy taýýarlanyldy. Täze medeniýet ojagynyň enjamlaşdyrylmagy baradaky meselä degip geçip, hormatly Prezidentimiz bu ýerde dürli köpçülikleýin çäreleri, şol sanda halkara derejedäki konsertleri, aýdym-sazly çykyşlary guramak üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze merkezde birnäçe döredijilik bäsleşiklerini geçirmek üçin ähli zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belledi, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Taslamalar, olaryň binagärlik we bezeg çözgütleri bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz olara birnäçe bellikleri aýtdy, degişli düzedişleri girizdi.

«Jahan» döredijilik merkezi ýaşlaryň ukyplaryny açmaga hyzmat eder

Gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan döredijilik merkeziniň gurulýan ýerine gelip, hormatly Prezidentimiz binanyň daşky keşbine we onuň binagärligine ünsi çekip, ýanaşyk ýerleri toplumlaýyn abadanlaşdyrmagyň hem-de merkezde çagalaryň döredijiligi üçin oňaýly şertleri döretmegiň wajypdygyny belledi. Merkez bilen tanyşlygyň dowamynda milli Liderimiz onuň zallarynyň enjamlaşdyrylyşyny, aýratyn-da, döredijilik üçin niýetlenen, şeýle hem sport zallaryny synlady. Bu zallaryň zerur bolan halatynda köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmek üçin üýtgedip bolmak mümkinçiliginiň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz desganyň häzirki günüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz täze merkezde çagalar we ulular üçin aýdym-saz, tans, çeperçilik, tikinçilik, surat çekmek toparlarynyň hereket etjekdigini aýtdy. Tölegli esasda işlejek toparlarda ýaşlaryň ukyplaryny doly açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler üpjün ediler. Şeýle hem bu ýerde häzirki zaman derejesinde enjamlaşdyrylan aýdym-saz studiýasy hereket eder. Wise-premýer döredijilik merkezini «Jahan» döredijilik merkezi diýip atlandyrmaga ygtyýar bermegi milli Liderimizden haýyş etdi. Aýdylan teklibi oňlap, döwlet Baştutanymyz merkeziň netijeli işlemegine ak pata berdi. Paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz hemmelere işinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

10.09.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014