ARKADAGDAN GÖRELDE — NESILLERE ÝÖRELGE

Milli Liderimiz welosipedli gezelenç etdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy.

Bilşimiz ýaly, güýz paslynyň ilkinji günleriniň säherinde jana tenekar dag howasy bu künjegiň tebigy gözellikleri, tokaý zolaklary bilen utgaşyp, ynsanyň ruhuny göterýär. Ady rowaýata öwrülen ajaýyp bedewiň hormatyna dikeldilen «Ýanardag» binasynyň deňinden geçip barýan pursatlarynda döwlet Baştutanymyz bu binanyň aýratynlygyny, şeýle-de dag eteginiň özboluşly ajaýyplygyny, Aşgabadyň göze gelüwli ymaratlaryny synlady. Bir bitewi sazlaşygy döredýän bu görnüşler Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda başy başlanan oňyn özgertmeleriň uly üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.

Soňra milli Liderimiz atçylyk toplumyna tarap ugrady hem-de soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik, medeni merkeziniň kemala gelýän künjeginiň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, döwlet Baştutanymyz behişdi bedewleri bilen didarlaşdy. Şapolat atly bedewi athanadan çykaryp, hormatly Prezidentimiz onuň bilen birsellem gezim etdi. Milli Liderimiz bedewi çapuw ýodasyna çykaryp, ony öz erkine goýberdi. Şapolat gorgunlap barşyna aýaklaryny ýazdy. Ol görnüşler bedewiň seýsiniň ýetendiginiň nyşany boldy

Bedewler bilen hoşlaşyp, döwlet Baştutanymyz bu ýerden ugrady. Hormatly Prezidentimiz ýolugra ata Watanymyzyň mukaddes çäklerini goraýan we gulluk borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirýän esgerleriň ýanynda saklandy. Nobatçy esger serhediň asudadygy barada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berdi. Hasabaty kabul edip, milli Liderimiz serhetçileriň gullugy, dynç alyş şertleri bilen gyzyklandy. Harby gullukçylar döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen serhet galasynyň döwrebap toplumynda ähli zerur şertleriň döredilendigini aýdyp, munuň üçin hormatly Prezidentimize ähli serhetçileriň adyndan hoşallyk bildirdiler.

Milli Liderimiz serhetçileriň gulluga gelip, öwrenýän hünärleri, dynç alyşlary we naharlanyşy bilen gyzyklandy. Harby gullukçylar serhet galasynda beden we ruhy taýdan kämilleşmek, şol sanda sport bilen meşgullanmak üçin amatly şertleriň döredilendigini buýsanç bilen aýtdylar. Gullugyň sport bilen utgaşdyrylmagynyň ähmiýetini nygtap, döwlet Baştutanymyz yzygiderli bedenterbiýe maşklarynyň esgerleri taplaýandygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz serhetçilerden geljekde haýsy hünäriň eýesi bolmagy arzuw edýändiklerini sorady. Esgerler özleriniň nurana arzuwlarynyň bardygyny gürrüň berdiler. Olaryň biri gullukdan soň Serhet institutyna girip, geljekde serhetçi hünärini dowam etmegi, beýlekileri bolsa dürli ýokary okuw mekdeplerinde okap, saýlap alan ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmen bolmagy arzuw edýärler.

Serhetçiler milli Liderimiziň sowallaryna jogap berip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görýändiklerini, şanly sene mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişde döwletimiziň serhet gullugynyň tehniki binýadynyň üstüni ýetiren döwrebap harby tehnikalaryň geçiriljekdigini buýsanç bilen habar berdiler. Döwlet Baştutanymyz berkarar Watanymyzyň bähbitlerini, halkymyzyň rahat durmuşyny üpjün etmekde serhetçileriň möhüm ornunyň bardygyny aýdyp, olaryň mukaddes kasama wepaly gulluk etjekdiklerine ynam bildirdi. Ýaş esgerler hormatly Prezidentimiziň ýakynda harby tälim beriş meýdançasynda dürli ot açyş ýaraglaryndan nyşana ok atyp, öz ussatlygyny görkezendigini, munuň bolsa özleri üçin nusgalyk mekdepdigini nygtadylar. Olar milli Liderimiziň nusgalyk göreldesine eýerjekdiklerine, ata Watanymyzyň mukaddes çäklerini gözleriniň göreji deý gorajakdyklaryna ynandyrdylar. Serhetçilere alyp barýan mukaddes gulluklarynda mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw edip, olar bilen hoşlaşyp, döwlet Baştutanymyz serhet galasyndan ugrady.

Ýolugra tebigy ösümliklerden dörän tokaý zolagynyň ýanynda saklanyp, hormatly Prezidentimiz bu ýerde bitýän ösümliklere üns berdi. Paýtagtymyzyň töweregi boýunça welosipedli gezelenjiniň barşynda milli Liderimiz Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň çäginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän şypahananyň ýanyna geldi. Bu ýerde gurluşyk işleri bilen bir hatarda, şypahana gelýän awtoulag ýoluny çekmek batly depginde alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ozal bu ýerdäki gurluşyk işleriniň barşy bilen tanşanynda, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere adamlaryň bu şypahana rahat baryp-gelmeklerini üpjün etjek 22 kilometrlik täze ýoluň ýokary hilli gurulmagyny tabşyrypdy.

Bu ýerde gurluşyk toparynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize alnyp barylýan, şeýle hem toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Gurluşygy dowam edýän şypahanada işler bilen tanyşlygyň barşynda, milli Liderimiz bu ýerde Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-kliniki merkezini gurmak barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu merkeziň maksady sebitiň, hususan-da, Aral deňziniň tebigy gurşawynyň aýratynlyklarynyň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini azaltmagy öwrenmekden we öňüni almakdan ybarat bolar.

Hormatly Prezidentimiz işleriň barşy bilen tanşyp, gurluşygyň bellenilen möhletinde tamamlanmagynyň hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň esasy talap bolup durýandygyny belledi. Gurluşykçylar alyp barýan işlerine milli Liderimiziň berýän ünsi üçin hoşallyk bildirdiler hem-de öňde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynandyrdylar.

“Nesil” gazeti,

15.09.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014