TOÝ-TO­MA­ŞAŇ BEZEGIDIR BEDEWLER

Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi.

Şol gün irden Köpetdagyň eteginde ýerleşen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ählumumy ruhubelentlik we ýokary göteriliş ýaýbaňlandy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar. Toplumyň çäkleri Döwlet baýdagy, dürli reňkli şarlardan we beýleki bezeg serişdelerinden ybarat bolan görnüşler bilen bezelipdir. Seýilgähleriň ugurlarynda amaly-haşam sungatynyň hem-de häzirki döwürde-de biziň şöhrata eýe bolan egsilmez we deňsiz-taýsyz mirasymyzy görkezýän sergiler ýaýbaňlandyryldy. Topluma gelip, ýöräp barýan ugrunda döwlet Baştutanymyz döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly çykyşlary synlady hem-de owadan bezelen sergileri gözden geçirdi.

Bilşimiz ýaly, halkymyzyň baý medeni mirasyny, onuň gadymy däp-dessurlaryny, şol sanda atçylyk sungaty bilen baglanyşykly dessurlaryny gorap saklamak meseleleri hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Bu bolsa milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapada» diýen ajaýyp kitaplarynyň sahypalarynda hem öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu işleri dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, giň okyjylar köpçüliginiň buýsanjyna hem-de alym-ippologlar üçin gymmatly ylmy çeşmä öwrüldi.

Ahalteke tohum atlaryna sarpa goýýanlar häzirki döwürde Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň ençeme ýurtlarynda az däldir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Akhan atly bedewiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen atlarynyň deňsiz-taýsyz häsiýetleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegine öwrüldi. Bu at iki aýagynyň üstüne galyp, 10 metr aralygy hemmelerden çalt geçmegi başardy. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat berlen Akhan öz ajaýyp tilsimini Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli bolan dabaralaryň barşynda ýene-de bir gezek görkezdi.

Soňra baýramçylyk çapyşyklaryna badalga berildi. Ahalteke bedewleri çapyşyklaryň 7-sinde dürli aralyklarda öz ýyndamlygyny we tizligini görkezdiler. Çapyşyklaryň her birine baýraklar goýuldy — 6 baýragyň her biri 15 müň amerikan dollary bolup, olar halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň adyndan hem-de baş baýrak — 30 müň dollar milli Liderimiziň adyndan goýuldy. Şeýlelikde, baýraklaryň umumy möçberi 120 müň dollar bolup, olar her çapyşyga gatnaşýan 12 çapyksuwaryň içinden diňe ýeňiji bolanlaryň arasynda paýlandy. Baýraga dalaş edenleriň jemi sany 84 çapyksuwardan ybarat boldy.

Çapyşyklar tamamlanandan soň, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Olara baýraklar, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýrak gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmegi höweslendirmegiň, ýüwrük bedewleri terbiýelemegiň hem-de ussat çapyksuwarlary taýýarlamagyň ýene-de bir çäresidir. Çapyksuwarlar milli atşynaslygy we atçylyk sportuny ösdürmek baradaky aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň atçylygynyň şöhratly däplerini gorap saklamak, ahalteke tohumlaryny mundan beýläk-de wagyz etmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk çapyşyklary tamamlanandan soň, milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisi bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

01.20.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014