YG­TY­BAR­LY ÖSÜŞ — BAGTYÝAR GELJEK

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne hem-de bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde, ilki bilen, döwlet Baştutanymyz kiçi we orta işewürligi mundan beýläk-­de höweslendirmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wisepremýere anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy desgalaryny, kärhanalary, hassahanalary, mekdepleri we çagalar baglaryny gaz bilen durnukly üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz pagta ýygymyny has oňaýly möhletde geçirmelidigini aýtdy. Ýurdumyzda elektron senagatyny ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz degişli wise-premýere işleri öz wagtynda berjaý etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyň ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli wise-premýere tabşyryklary berdi.

Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dokma önümleri daşary ýurt bazarlarynda-da ýokary islegden peýdalanýar. Wise-premýer milli Liderimize çagalara hem-de uly ýaşly adamlara niýetlenen güýz möwsümi üçin egin-eşikleriň täze nusgalaryny görkezdi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine «Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde gatnaşmaga ygtyýar bermek hakynda» Karara gol çekip, ondan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen bagly tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky», «Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçirilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde ilatyň saglygyna köpçülikleýin zyýan ýetirip biljek islendik hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda gözegçiligiň aýratyn we has güýçlendirilen goşmaça görnüşlerini geçirmegiň Tertibini tassyklamak hakyndaky» Kararlara gol çekip, degişli wisepremýerlere tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz mejlisiň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň söwda we maýa goýum ulgamynda ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, bu babatda wise-premýere, daşary işler ministrine tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütler bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyny nygtady. Geljekde hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň zerurdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Soňra mejlisde gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabaty bilen baglylykda, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri milli Liderimize ýurdumyzyň elektron senagatyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň çykarmaga taýýarlanylýan elektron önümleriniň nusgalarynyň görkezilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýerde ölçegi 65 dýuýmly täze smart telewizorlar, iki simkartly öýjükli telefonlar, smartfonlar (smart telefonlar), döwrebap monobloklaryň dürli görnüşleri we kondisionerler, internet ulgamyny paýlaýjylar — routerler, şeýle hem agyz suwuny sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen kulerler görkezildi. Şolaryň önümçiligini giňden ýola goýmak boýunça işleri bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Bu jemgyýet Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň paýly gatnaşmagynda (49 göterim) döredildi. Hojalyk jemgyýeti eýýäm dürli görnüşli LED lampalaryň, okuwçylar üçin öwrediji kompýuterleriň we netbuklaryň, ölçegleri 32, 42 we 55 dýuýmly täze smart telewizorlaryň önümçiligini, ýakynda bolsa 65 dýuýmly telewizorlaryň önümçiligini ýola goýdy.

Ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri elektron senagatyna degişli önümleriň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Gürrüňi dowam edip, ministr hormatly Prezidentimizden önümçiligi täze ýola goýlan telewizora, kompýutere, ykjam telefonlara we beýleki enjamlara at dakyp bermegini haýyş etdi. Milli Liderimiz bu ýerde görkezilen 65 dýuýmly 4 smart telewizora «Älem», ýurdumyzda öndürilýän monoblok görnüşli kompýutere bolsa «Şowly» diýlip at dakylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Mundan başga-da, smart görnüşli telefony «Milli», öýjükli telefonlaryň iki simkartly kiçi görnüşini bolsa «Körpe» diýip atlandyrmak teklip edildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde işjeň ulanylýan «Internet ulgamyny paýlaýjy» enjamy — routeri «Uçgun», gündelik hojalygyň zerur enjamy bolan agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjamy «Teşne», split görnüşli kondisioneri bolsa «Mylaýym» diýip atlandyrmagy maslahat berdi. Elektron senagatynyň önümçiligini ýokarlandyrmagyň hem-de bahalarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmegiň möhüm talapdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

“Nesil” gazeti,

06.10.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014