JEM­GY­ÝE­TI­MI­ZIŇ ASU­DA­LY­GY — DÖW­LE­TI­MI­ZIŇ BER­KA­RAR­LY­GY

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda şu ýylyň dokuz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, goranmak ministri hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny, şol sanda goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hasabaty diňläp, milli Liderimiz harby gullukçylary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek meselesiniň wajypdygyny belläp, bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi. Içeri işler ministri hem «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirilen biraýlygyň netijeleri barada aýdyp, ministrlige degişli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde guruljak athananyň hem-de ministrligiň institutynyň çäginde bina edilmegi meýilleşdirilýän umumyýaşaýyş jaýynyň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz ministrligiň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygyny aýdyp, görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň, Ýokary kazyýetiň başlygynyň, şeýle hem Baş prokuroryň hasabatlaryny diňläp, degişli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi, anyk görkezmeleri berdi. Hususan-da, milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň mukaddes çäklerini dost-doganlyk serhedine öwürmekde Serhet goşunlaryna möhüm ornuň degişlidigini, kazylaryň bolsa kanunçylyk namalarynyň kabul edilen kadalaryna laýyklykda, ykdysady, raýatlyk, dolandyryş, jenaýat we beýleki meseleleriň çözgüdini üpjün edýän häzirki zaman döwlet düzümi bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy dürli görnüşli hukuk bozmalaryň wagtynda öňüni almagyň, sebäplerini we şertlerini ýüze çykarmagyň prokuratura edaralarynyň öňünde durýan wajyp wezipelerdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz kazylary we prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Milli howpsuzlyk ministri 2020-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda milli howpsuzlygy üpjün etmek, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlaryny ygtybarly goramak boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Häzirki zamanyň ösen tejribesini işjeň öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Milli howpsuzlyk ministrliginiň şahsy düzüminiň hünär ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrmak meselelerine üns bermegi tabşyrdy.

Soňra adalat ministri, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy şu ýylyň geçen dokuz aýynda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler, şeýle hem gümrük gözegçiligi amala aşyrylanda öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdiler. Halkymyzyň hukuk düşünjesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen wagyz-nesihat işleriniň wajypdygyny, Döwlet gümrük gullugynyň guramaçylyk-dolandyryş işiniň döwrebaplaşdyrylmalydygyny belläp, milli Liderimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkara gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýän döwründe Döwlet migrasiýa gullugynyň her bir işgäriniň düzümiň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdine mynasyp goşant goşmalydygyny belläp, bu gullugyň ýolbaşçysyna döwrebap maglumat-tehniki serişdeleri işjeň ulanmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hasabat döwründe ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralar üçin kesgitlenen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň, şahsy düzümleriň, serkerdeleriň hünär derejesine hem-de hukuk taýýarlygyna, döwrebap tehniki serişdelere we tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edişine baglydygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

10.10.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014