YKDYSADY KUWWATYMYZ YZYGIDERLI PUGTALANDYRYLMALYDYR

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­zi sena­gat taý­dan ös­dür­mä­ge, yk­dy­sa­dy­ýe­timi­ze san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­ga, elekt­ron se­na­gaty­ny we gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň ba­za­ry­ny dö­ret­mä­ge gi­ri­şil­di. Şo­ňa gö­rä, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­nyň kuw­wat­ly­ly­gy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­landyr­mak mö­hüm bo­lup dur­ýar. Yn­ha, 9-njy okt­ýabr­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň giňiş­le­ýin mej­li­sin­de hem bu me­se­le­le­re se­re­dil­di. Husu­san-da, halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň pu­dak­la­ry­nyň şu ýy­lyň do­kuz aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň jem­le­ri jem­le­nil­di. Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ýol­baş­çy­la­ry wezi­pä bel­le­mek we we­zi­pe­den bo­şat­mak bi­len bag­ly me­se­le­ler hem gi­ri­zil­di.

Hö­kü­me­tiň mej­li­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň we­kil­le­ri, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kimle­ri hem-de ola­ryň orun­ba­sar­la­ry, ýo­ka­ry okuw mekdep­le­ri­niň rek­tor­la­ry, ga­zet­le­riň hem-de žur­nal­la­ryň re­dak­tor­la­ry, beý­le­ki ýol­baş­çy­lar ça­gy­ryl­dy. On­da degiş­li ýol­baş­çy­la­ryň ha­sa­bat­la­ry diň­le­nil­di, Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy­nyň hem-de ýur­du­my­zy dur­muşyk­-dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň beý­le­ki mak­sat­na­mala­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy, gel­jek dö­wür üçin ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler kes­git­lenil­di. Ha­sa­bat­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, ge­çen do­kuz aýyň do­wa­myn­da je­mi içer­ki önü­miň 5,8 gö­te­rim möç­berde sak­la­nyp gal­ma­gy Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň üs­tünlik­li ös­me­gi­ni do­wam edýändigini aý­dyň gör­kez­ýär. Mu­nuň özi gö­nü­den-gö­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­si­niň daba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.

Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, mej­lis­de mil­li Li­de­ri­miz «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly kita­by­nyň 12-nji jildini ta­mam­lan­dy­gy­ny ha­bar berdi. Türk­men top­ra­gy­nyň mel­hem­ler me­ka­ny­dy­gy­ny bü­tin dün­ýä jar eden, ýur­du­my­zyň luk­man­çy­lyk ulga­my­nyň we­kil­le­ri­niň ýan­ki­ta­by­na öw­rü­len, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň en­çe­me­si­ne ter­ji­me edi­len bu köp jiltlik en­sik­lo­pe­di­ýa aý­ra­tyn gym­ma­ta eýe­dir.

Şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işler we gazanylan netijeler:

Ykdysadyýet we maliýe ulgamlary boýunça:

Hasabat döwründe jemi içerki önüm 5,8 göterim artdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy.

Bölek-satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,4 göterim artdy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 22,2 milliard manada deň boldy.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 259 desganyň 16-synda gurluşyk işleri tamamlandy, 163-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.

Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 91,2 göterim ýerine ýetirildi.

Ýerli býujetler boýunça girdejiler 109,2 göterim, çykdajylar bolsa 97,5 göterim ýerine ýetirildi.

Balans toparlarynyň 83 mejlisi, şol sanda sebitleriň balans toparlarynyň 68 mejlisi geçirildi.

Döwlet emläginiň 53-si hususylaşdyryldy we Döwlet býujetine 126,1 million manat möçberindäki serişdeler geçirildi. Şeýle hem döwlet emläginden alnan kärende tölegi 122 million manada deň boldy.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi jemi içerki önümiň 21,3 göterimine barabar boldy.

2020-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy 63,5 göterim ýerine ýetirildi, özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 54,2 göterimi önümçilik hem-de 45,8 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi.

Önüm öndürilişiniň düzüminde hususy işewürligiň paýy 66,9 göterime barabar boldy.

Ýurdumyzyň banklary tarapyndan hojalyk edaralaryna berlen karz serişdeleriniň möçberi 15,3 göterim, döwlete degişli bolmadyk ulgama berlen karzlaryň möçberi 20,5 göterim, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz serişdeleriniň möçberi 41,9 göterim, hususy telekeçileri goldamak üçin berlen ýeňillikli karzlaryň möçberi 3,9 göterim ýokarlandy.

Bankomatlar, terminallar, Internetbank, Mobil-bank, elektron söwda ulgamlary arkaly geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,86 esse ýokarlandy

Nebitgaz toplumy boýunça:

Nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak boýunça meýilnama 101,7 göterim ýerine ýetirildi.

Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,6 göterime deň boldy.

Benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,8 göterime barabar boldy.

Dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 106,9 göterim ýerine ýetirildi.

Suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 123,6 göterim ýokary boldy.

Ulag we kommunikasiýa toplumlary boýunça:

Toplum boýunça önümçilik meýilnamasy 117 göterim ýerine ýetirildi.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş 103,4 göterime deň boldy.

«Türkmendemirýollary» agentligi boýunça meýilnama 116,3 göterim ýerine ýetirildi.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 111,7 göterim ösüş gazanyldy.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary boýunça ýük daşamak hem-de ýolagçy gatnatmak babatda meýilnama, degişlilikde, 109,8 göterim we 100,1 göterim berjaý edildi.

Ýük dolanyşygy boýunça meýilnama 115,3 göterim berjaý edildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş 108,7 göterime ýetdi.

Söwda toplumy boýunça:

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 113,8 göterime, önüm öndürilişiniň ösüşi 108,8 göterime deň boldy.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan çykarylan önümleriň, şol sanda nah ýüplügiň we nah matalaryň mukdary, degişlilikde, 102,6 göterim we 100,9 göterim, tikin we trikotaž önümleriniň öndürilişi 116,9 göterim, gön önümleriniň öndürilişi 106 göterim boldy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 113,4 göterim berjaý edildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 205-si geçirilip, 20 müň 226 şertnama baglaşyldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan işleriň ösüşi 120,4 göterime barabar boldy, garalýan döwürde sergileriň 5-si we wideogörnüşdäki maslahatlaryň 22-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilişiniň mukdary 117,5 göterime, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 131,2 göterime deň boldy.

Gurluşyk we senagat toplumy boýunça:

Toplumda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 116,1 göterim berjaý edildi, ösüş 124 göterime barabar boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,4 göterim berjaý edildi, ösüş 108,8 göterime deň boldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 103,7 göterim berjaý edildi, 107,1 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 129,7 göterime barabar boldy. Meýilnama 118 göterim ýerine ýetirildi.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 131,4 göterim berjaý edildi, ösüş 159,9 göterime barabar boldy.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 115,3 göterim berjaý edildi, 100,2 göterim ösüş gazanyldy.

Medeniýet ulgamy boýunça:

Hasabat döwründe dürli medeni çäreler, sergiler, duşuşyklar, döredijilik bäsleşikleri, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar, medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, degişli ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň daşary ýurtly kärdeşleri bilen wideoduşuşyklary, çäreleri geçirildi.

Ulgamyň edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak dowam edýär. Muzeýlerde saklanylýan gymmatlyklaryň bitewi elektron binýady döredildi, Diýarymyzyň iri muzeýleriniň resmi internet saýtlary işe girizildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sergi zallarynyň ikisinde «Wirtual muzeý» taslamasynyň ilkinji wideoroligi taýýarlanyldy hem-de ony işe girizmek boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaplary elektron görnüşe geçirmek dowam edýär.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynda kitap önümlerini çykarmak boýunça meýilnama 105 göterim ýerine ýetirildi.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde dürli žanrlardaky kinofilmleriň birnäçesiniň önümçiligi tamamlandy we bu işler dowam edýär.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýurdumyzda bolup geçýän gündelik täzelikleri bu guramanyň habarlar toparynyň internet torunyň üsti bilen gurama agza ýurtlaryň teleýaýlymlary arkaly ýaýmak boýunça işler dowam etdirilýär.

Obasenagat toplumy boýunça:

Toplum boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 108,3 göterime barabar boldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça meýilnama 108,4 göterime deň boldy.

Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça meýilnama 107,8 göterim ýerine ýetirildi.

«Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça ösüş 105,2 göterime deň boldy.

Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 141,2 göterim ýerine ýetirildi.

Halkara gatnaşyklary ulgamynda:

Hasabat döwründe milli Liderimiz resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasynda boldy, onlaýn görnüşde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgy arkaly çykyş etdi.

17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy boldy. Goňşy döwletiň Hökümetiniň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda Aşgabatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi.

Göni wideoaragatnaşyk arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 638-si geçirildi. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň dowamynda halkara resminamalaryň 92-sine gol çekildi.

Ikitaraplaýyn Hökümetara toparlaryň we beýleki degişli düzümleriň mejlisleriniň birnäçesi, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürler forumlary geçirildi.

Milli parlamentde:

Geçen döwürde milli parlamentiň üç maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 43-si, Mejlisiň kararlarynyň bolsa 32-si kabul edildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň esasy ugurlary aýan edildi. Olary durmuşa geçirmek maksady bilen birnäçe täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak, şol sanda birnäçesini kämilleşdirmek işleri dowam edýär.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň we kanun çykaryjylyk boýunça dünýä tejribesini öwrenmegiň, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde Mejlisde şu ýylyň başyndan bäri dokuz duşuşyk guraldy, olaryň bäşisi wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmäge, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmäge gönükdirilen maslahatlaryň we işewür duşuşyklarynyň 68-sine gatnaşdylar. Olaryň 28-si onlaýn tertibinde geçirildi. Häzirki döwürde Mejlisde parlamentara dostluk toparlarynyň 43-si hereket edýär.

Öňde goýlan wezipeler, gol çekilen resminamalar:

Bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň, hukuk ulgamynyň hem-de ylmyň ösdürilýän häzirki döwründe bu işleri talabalaýyk amala aşyrmak üçin şu ugurlardan gowy baş çykarýan köp sanly hünärmenler zerur. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejeli hukukçylardan başga-da, zerur bolan ugurlar, ýagny maliýe, oba hojalygy, senagat we elektron senagaty boýunça täze okuw maksatnamalaryny taýýarlamaga uly üns bermeli.

Dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň iň häzirki zaman usullaryny öwrenmeli hem-de ulanmaly.

Hormatly Prezidentimiz «Telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek hakynda», «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyny döretmek hakynda» Kararlara gol çekdi.

Pandemiýa zerarly ýüze çykan häzirki kynçylyklara garamazdan, ykdysadyýetimizi (şol sanda energiýa serişdeleriniň bazaryny) liberallaşdyrmak, bäsdeşligi ösdürmek, işewür ýagdaýlary gowulandyrmak, ykdysadyýetimizde döwlet pudaklarynyň paýyny azaltmak boýunça başlanan işleri dowam etmeli.

Ýangyç-energetika toplumynyň işini, hususan-da, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatyny, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçlendirmeli.

Sanly düzümleriň kemala getirilmegine aýratyn üns bermek bilen, sanly ulgamy ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmaly. Şoňa görä, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda elýeterli, ýokary tizlikli interneti ornaşdyrmaly.

Özümizde öndürip biljek önümlerimizi daşardan getirmegi bes etmek zerur, bu çäreler, ilki bilen, täze iş ýerlerini döretmäge, telekeçileriň we raýatlaryň iş orunlaryny saklap galmaga gönükdirilmeli.

Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň binýadyny ösdürmeli, hususan-da, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygyny çaltlandyrmaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygyny dowam etmeli. Şeýle hem gurluşyk we senagat pudaklaryna köpräk maýa goýumlaryny çekmeli.

Medeniýet ulgamy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýokary hünärli hünärmenleri, gyzykly, ýokary çeperçilikli tele we radio gepleşikleri taýýarlamaly, maglumatlary bermegiň täze görnüşlerini gözlemek boýunça işleri güýçlendirmeli.

Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda şu ýylky ýetişen gowy hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmeli, ulanylmaýan ýerleri oba hojalyk dolanyşygyna goşmaga, suw meselesine, hasyllylygy ýokarlandyrmaga, täze ýerleri özleşdirmäge, mallaryň baş sanyny artdyrmaga, ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga alan hususy taraplaryň işine üns bermeli.

2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigini nazara almak bilen, çäreleriň degişli meýilnamasyny düzmeli hem-de olara talabalaýyk taýýarlyk görmeli. Şunuň bilen baglylykda, täze ýyla çenli galan wagtyň içinde geljek ýylyň iň gowy nyşany üçin bäsleşigi yglan etmeli.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul eden çözgütlerini ýerine ýetirmek üçin tutanýerli işlemeli.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli milli Liderimiz has tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda Permanlara gol çekdi.

“Nesil” gazeti,

13.10.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014