ÝUR­DU­MY­ZYŇ HAL­KA­RA GI­ŇIŞ­LI­GIN­DÄ­KI OR­NY BAR­HA ILER­LE­ÝÄR

Mä­lim bol­şy ýa­ly, pa­ra­hat­çy­ly­gy sö­ýü­ji­lik, goň­şu­lar bi­len hoş­ni­ýet­li gat­naşyk­da bol­mak ýa­ly ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän mu­kad­des ýö­rel­ge­ler Ber­karar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan do­wam et­di­ri­lip, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly yk­ra­ry­ýe­te eýe bol­ýar. Türkme­nis­ta­nyň hemişelik Bi­ta­rap­lyk hukuk ýagdaýyna eýe bol­ma­gy, Azi­ýa­da yla­laş­dy­ry­jy mer­ke­ze öw­rül­me­gi — ak mer­mer­li Aş­ga­ba­dy­myz­da BMG-niň se­bit mer­ke­zi­niň, «Ýew­ro­pa öýü­niň» açyl­ma­gy, döw­le­ti­mi­ziň bir­nä­çe ge­zek BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­ma­gy bi­len hal­kara gi­ňiş­li­gin­de öza­ra dü­şü­niş­mek, pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne, umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na esas­lan­ýan bir­nä­çe oňyn mak­sat­na­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­rildi we hä­zir­ki wagt­da bu ugur­da­ky gat­na­şyk­lar üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Mu­ňa da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ge­çi­ri­len wi­deo­mas­la­hat gör­nü­şin­dä­ki no­bat­da­ky du­şu­şyk­lar hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

13-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Mukisa Kituýi hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit býurosynyň direktory Miriýana Spolýariç Egger bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Naswlişwili gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, ÝUNKTAD we BMGÖM bilen strategik hyzmatdaşlyk boýunça durmuşa geçirýän syýasatyna ýokary baha berildi. Şunuň bilen baglylykda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, durnukly ulag we söwda ulgamlarynda soňky bäş ýylyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. ÝUNKTAD bilen hyzmatdaşlykda BMGÖM-niň işjeň gatnaşmagynda häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy ornaşdyrylýar we ösdürilýär. Bu ulgam «Eksport-import amallary üçin bitewi penjire» ulgamyny ýurdumyzyň maliýe ulgamyna, şeýle hem «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugyna tapgyrlaýyn we netijeli ornaşdyrmak üçin esas bolar.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konfederasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin bitewi penjire» taslamasyny durmuşa geçirmäge goldaw bermek boýunça bilelikde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler

*  *  *

13-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady meseleler boýunça orunbasary Adel Siraž Saleh bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň saparlaryny guramaga taýýardygy beýan edildi. Parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine hem seredildi. Ykdysadyýet we ulag, söwda, gurluşyk, himiýa senagaty we oba hojalyk ulgamlaryna maýa goýumlaryny goýmak türkmen-saud işewürlik gatnaşyklarynyň wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny bellemek bilen, taraplar bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Şeýle hem dünýä möçberinde häzirki epidemiologik ýagdaýyň kadalaşmagy bilen, özara Medeniýet günleriniň geçirilmegini dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

*  *  *

Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileri boýunça okuw maslahatlarynyň tapgyrlary dowam edýär. Şolaryň netijelerini BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) utgaşdyrýar. Şeýle maslahatlary FAO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky sebitiçi wekilhanasy Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we ugurdaş kärhanalary üçin guraýar. Şu hepdäniň dowamynda — 12 — 16-njy oktýabr aralygynda, umuman, dürli maksatlar üçin web-maslahatlaryň 10-sy geçiriler. Şolaryň esasy wezipesi Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileri boýunça hasaplamalaryň usulyýetine goldaw bermekden we hasabatlary taýýarlamakdan ybaratdyr.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan maslahatlara Mejlisiň, dürli ministrlikleriň, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Maliýe we ykdysadyýet, Adalat, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlarynyň 169 wezipesine syn bermek üçin dürli görkezijileriň 232-si kesgitlenildi. Şolaryň 21-si FAO-nyň gözegçiliginde durýar. Şoňa görä, maslahatyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna we görkezijileriň ählumumy ulgamyna hem-de FAO-nyň Ýewropada we Merkezi Aziýada amala aşyrýan işlerine umumy syn berildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatlar Durnukly ösüş maksatlarynyň oba hojalygynyň, azyk howpsuzlygynyň, suwdan peýdalanmagyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň beýleki ugurlarynyň degişli görkezijilerine bagyşlandy.

Ýurdumyzyň ählumumy maksatlara we dünýä bileleşiginiň wezipelerine ygrarlylygy milli Liderimiziň «Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly 2018-nji ýylda çap edilen kitabynda öz beýanyny tapdy. Bu BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde halkara bileleşige giňden ýetirildi.

“Nesil” gazeti,

15.10.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014