ONLINE GÖRNÜŞINDE OKUW SAPAGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG)

Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda bu guramanyň Aşgabatdaky wekili E.P.Nataliýa Drozdyň, halkara bilermeni Mark Grigorýanyň (Beýik Britaniýa), şeýle-de Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda online görnüşinde okuw sapagy geçirildi.

Meýilnama boýunça 3 günlük dowam eden online okuw sapagynda çykyş eden halkara bilermen her bir ýurduň esasy hünärmenleriniň biri bolan žurnalistleriň söz azatlygy, žurnalistiň hukuk derejesi, şahsy durmuşyň, abraýyň goraglylygy, KHBS-niň kanunlarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly jogapkärçilikler barada giňişleýin düşündirdi.

Online okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky oňaýly gatnaşyklary barada belläp, Türkmenistan döwletimiziň halkara bileleşigindäki abraýyny we bähbitlerini goramaga ukyply hünärmenleri taýýarlamak babatynda hem-de ata Watanymyzyň abraýyny mundan beýläk-de berkitmek ugrunda alyp barýan döwrebap özgertmelerini durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimize uly üstünlikleri we janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

 

Meňzeş habarlar
2014