DÖWÜR WE ŽURNALISTIKA

Ýakynda  «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli  Türkmenistanyň Daşary ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy boýunça bilim alýan talyp ýaşlar bilen ýurdumyzyň abraýly metbugat neşirlerinde zähmet çekýän tejribeli žurnalistleriň arasynda “Döwür we žurnalistika” ady bilen halypa-şägirtlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda duşuşyga gatnaşyjy halypalara ýaş žurnalistler hünär ugurlary bilen bagly özlerini gyzyklandyrýan birnäçe sowallar bilen ýüzlenip, degerli jogaplary aldylar. Öz nobatynda, KHBS-niň wekillerine hem institutda žurnalistleri, kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, bu ugurda halkara guramalardyr olaryň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen ýola goýlan gatnaşyklar hakynda gürrüň berdiler.  

Halypa-şägirtlik duşuşygynda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde bitaraplyk ýörelgämiziň orny we   ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän beýleki möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalar, olaryň metbugat sahypalarynda şöhlelendirilişi hakynda giňişleýin pikir alşyldy. Halypa žurnalistler ýaş kärdeşlerine gymmatly maslahatlaryny berip, olara saýlap alan gyzykly hem jogapkärli hünärinde kämilligiň belent basgançaklaryna çykmagy arzuw etdiler.

Duşuşykdaky çykyşlaryň her birinde ýurdumyzyň  halkara derejedäki at-abraýyny barha belende galdyrýan, halkyny parahat, asuda günlerde, abadan durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşlar aýdyldy.

Süleýman KULYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy, institutyň Magtymguly adyndaky Ilkinji ýaşlar guramasy başlygy.

Meňzeş habarlar
2014