SPORT BILEN MEŞGULLANMAK SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESINIŇ ÖZENIDIR

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz edýän hormatly Prezidentimiz boş wagtlarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähmiýet berýär. Bu gezek hem ir bilen milli Liderimiziň IIM-niň Sport ulag merkezine gelip, şu ýerde soňky döwürde dünýäniň dürli ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullanmagy munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, her bir adam öz ýagdaýyna görä ýörişiň tizligini özüçe kesgitlemelidir. Ol ýüregiň we dem alyş ýollarynyň işleýşini gowulandyrýar hem-de adaty ýörişe garanyňda, bu görnüşiň adamyň tutuş bedenine oňyn täsiri bar. Ýöriş mahalynda bogunlaryň hereketi sazlaşýar. Bu bolsa adamyň bogunlaryna duz ýygnanmagynyň öňüni alýar.

Hormatly Prezidentimiz köp ýyllaryň dowamynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, bu ugur boýunça ajaýyp endikleri özünde jemleýär. Ýetginjeklik ýyllarynda milli Liderimiz nusgawy we erkin göreş bilen meşgullandy. Dürli ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeler, uly ýeňişler gazandy. Hormatly Prezidentimiz 1972-nji ýylda nusgawy göreş boýunça Aşgabadyň çempiony boldy. 1973-nji ýylda bolsa ok atmakda Türkmenistanyň çempiony diýen derejäni eýeledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň 2008-nji ýylda karate boýunça gara guşagyň altynjy danynyň eýesi bolandygyny, 2009-njy ýylda bolsa Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Hormat ordeni bilen sylaglanandygyny bellemek gerek. Milli sport hereketini ösdürmäge, Türkmenistanda ýapon söweş sungatyny ýaýratmaga goşan goşandy üçin hormatly Prezidentimize 2010-njy ýylyň mart aýynda Bütinýapon «Karate-do» federasiýasynyň Hormatly agzasynyň güwänamasy, şol ýylyň aprel aýynda taekwondo boýunça 7-nji derejäniň gara guşagyna mynasyp bolandygyny aňladýan güwänama, 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa karate boýunça 10-njy danyň diplomy gowşuryldy. Şeýle-de 2014-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň milli Liderimizi çilimkeşlige garşy göreşmäge goşan ägirt uly goşandy üçin ýörite sylag bilen sylaglandygyny, ýokary çapyksuwarlyk ussatlygy üçin «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly adyň berlendigini bellemeli.

Ýeri gelende bellesek, döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höwesek watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, sportuň dürli görnüşlerine gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz içeri işler ministriniň hem-de sport we ýaşlar syýasaty ministriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Sport ulag merkeziniň işiniň esasy ugurlary, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler bilen gyzyklandy. IIM-niň ýolbaşçysy merkezde guralýan okuw-türgenleşik işleri barada hasabat berdi. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sportunyň toparlaýyn «Volkicar» we ýekelikde «Volkicar-drift» görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionatlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berildi. Şeýle hem karting boýunça ýaryşlaryň we beýleki çäreleriň guralýandygy barada aýdyldy. Sport we ýaşlar syýasaty ministri şu günler «Garagum ýalkymy» ralli-reýdi boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň geçirilýändigi, onuň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýandygy barada hasabat berdi. Şu gezekki bäsleşige awtomobil sportunyň wekilleriniň toparlary gatnaşýar. Sport ulaglarynyň dürli görnüşlerine ussatlyk bilen erk edýän türgenler Garagum sährasynyň çäginde 100 kilometre golaý aralyk boýunça ýaryşarlar. Ýurdumyzda şunuň ýaly ýaryşlary guramak üçin oňyn tejribäniň toplanandygyny bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça guralan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisinde türkmen türgenleri sport ulaglaryna ussatlyk bilen erk edip, ýokary netijeleri gazandylar. Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli geçirilýän ýaryşlary ýurdumyzyň Içeri işler hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri guraýar. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bolsa şu ýaryşlaryň hemaýatkäri bolup çykyş edýär.

Iş maslahatynyň dowamynda milli Liderimize Sport ulag merkeziniň ygtyýaryna täze gelip gowşan sport ulaglary barada habar berildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda tutuş dünýäde meşhurlyk gazanan awtomobil sportunyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyz bu ugur boýunça degişli türgenleşikleri geçirmek üçin mundan beýläk-de zerur şertleriň dörediljekdigine ünsi çekdi. Iş maslahatynyň ahyrynda ministrlikleriň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizden awtomobil sportunyň dürli görnüşleri boýunça guralýan ýurdumyzyň çempionatlaryna ak pata bermegini hem-de täze görnüşdäki ýokary tizlikli sport ulagyny synagdan geçirmegini haýyş etdiler. Milli Liderimiz ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berip, merkeziň çäginde görkezilýän sport ulaglarynyň täze görnüşleri bilen tanyşdy.

Soňra degişli taýýarlyk işlerini ýerine ýetirip, döwlet Baştutanymyz sport ulaglarynyň birini synagdan geçirdi. Hormatly Prezidentimiz sport ulagynyň tehniki häsiýetleri, aýratyn-da, tizligi artdyrmagyň mümkinçilikleri, onuň beýleki ulgamlary hem-de ulagda sürüji üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Ýokary tizlikli sport ulagyna ussatlyk bilen erk edip, milli Liderimiz birnäçe çylşyrymly öwrümleri ýerine ýetirdi. Täze sport awtoulagyny synagdan geçirip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda awtosport boýunça çempionatlary geçirmäge ak pata berip, bu awtoulagy IIM-niň Sport ulag merkezine sowgat berdi.

“Nesil” gazeti,

20.10.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014