YK­DY­SA­DY ÖSÜŞ ÜPJÜN EDILMELIDIR

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

21-nji oktýabrda milli Liderimiz ykdysadyýet we maliýe toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň, ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri­niň, Mer­ke­zi ban­kyň baş­ly­gy­nyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny mun­dan beýläk-de ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mö­hüm we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şeý­le hem gel­jek ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­sy­nyň taý­ýar­la­ny­ly­şy ha­kyn­da­ky ha­sa­bat­lar diň­le­nil­di.

Ilki bilen, maliýe we ykdysadyýet ministri geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda göz öňünde tutulan ýerli býujetleriň görkezijileri hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýyl üçin hususyýetçiligi, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, ýurdumyzda önüm öndürilişiniň möçberini artdyrmak, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreler göz öňünde tutuldy. Ministr häzirki döwürde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, sanly ulgama geçmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan elektron resminama dolanyşygy we «Elektron salgyt» ulgamlary girizildi. Hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň mundan beýläk-de durnukly we deňeçer ösüşine gönükdirilen wezipeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi üçin anyk işleriň amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi, bu babatda ministre birnäçe görkezmeleri berdi.

Merkezi bankyň başlygy ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän anyk işler barada hasabat berdi. Geljek ýylda daşary söwda dolanyşygynyň garaşylýan görkezijileri baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi. Hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde döredilýän giň mümkinçiliklere laýyklykda, ykdysadyýetde pul toplumyny hakyky zerurlyga görä düzgünleşdirmek göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, banklaryň öňünde durýan we uly geljegi bolan wezipelere ünsi çekdi. Uzak aralykdan ýola goýulýan bank hyzmatlarynyň täzeçil görnüşlerini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna, karz edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy tejribäni düýpli öwrenmek maksady bilen, abraýly halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.

Soňra ykdysadyýet we maliýe toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 174,7 milliard manat we ösüş depgini deňeşdirme nyrhlarynda 6,2 göterim derejede göz öňünde tutulýar. Hasabaty diňläp, milli Liderimiz bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.

Maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz dünýädäki çylşyrymly ýagdaý bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ösüşini goldamaga, 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň 6 göterimden gowrak derejede artmagy üçin durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen makroykdysady syýasatyň durmuşa işjeň geçirilmelidigini belledi. Bazar institutlaryny özgertmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz içerki islegleri höweslendirmegiň, ilatyň iş bilen üpjünçiligini üpjün etmegiň we halkyň girdejileriniň artmagyny gazanmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi. Täze işe başlaýan telekeçilere maliýe goldawyny bermek boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreleriň gerimini giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy. Kooperatiw gatnaşyklary ösdürmek, strategik möhüm pudaklaryň kärhanalaryny özgertmek meseleleri geljegi uly ugurlar hökmünde görkezildi. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmek, bilim ulgamyny kämilleşdirmek, saglygy goraýşyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň doly ýerine ýetirilmegini möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi.

Iş maslahatynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

24.10.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014