SAGDYNLYK WE RUHUBELENTLIK — KÄ­MIL­LI­GIŇ GÖZ­BA­ŞY

Dynç günleri hormatly Prezidentimiz bedenterbiýe maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak ýa­ly ada­ty en­di­gi­ne eýer­di hem-de at­çy­lyk top­lu­my­na ba­ryp, hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­na öw­rü­len ahal­te­ke be­dew­le­ri bi­len di­dar­laş­dy. Aja­ýyp güýz sä­he­rin­de mil­li Li­de­ri­miz we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç et­di. Ir säher bilen dag ho­wa­sy­nyň aý­ra­tyn ýa­kym­ly­ly­gy we bu ýer­le­riň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy yn­sa­nyň ru­hu­ny gö­ter­ýän tä­si­ri eme­le ge­tir­ýär.

Welosipedli gezelenjiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz daş-töweregiň tokaý zolaklary bilen sazlaşykly utgaşyp gidýän gözelligini, tebigy aýratynlyklaryny synlady. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, tebigat adamlaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýär, olary döredijilige we asylly işlere ruhlandyrýar. Şoňa görä, Türkmenistan tebigaty goramak baradaky halkara resminamalara goşulmak bilen, daşky gurşawy goramak hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri geçirýär. Şeýle hem halkymyzyň saglygy hakyndaky alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň ählisiniň özenini düzýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip esaslandyrylmagy, Türkmenistanda 2021-nji ýylda Welotrek boýunça Dünýä çempionatyny guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk işlerine badalga berilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda sagaldyş maşklarynyň häzirki zaman görnüşi hökmünde dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullandy. Sportuň bu görnüşi adamyň beden agzalaryny, aýaklarynyň we elleriniň bogunlaryny berkidýär, ýürek-damar we dem alyş ulgamlarynyň işjeňligini artdyrýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport we bedenterbiýe adamlaryň saglygynyň köpugurly guraly we onuň ukyplarynyň amala aşmagynyň esasy şerti bolup durýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegi, oňa jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň, aýratynda, ýaşlaryň işjeň çekilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Umuman, häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp ulalmagy üçin arassa daşky gurşawy goramakdan, dogry iýmitlenmekden başlap, sport bilen giňden meşgullanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şöhratly pederlerimiziň asylly däpleriniň döwrebap ösdürilmegi ugrunda alada edýän hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewlerine hem aýratyn gadyr goýýar, halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşmaga hemişe wagt tapýar.

Atçylyk toplumynda milli Liderimiz Hanbeg atly bedew bilen didarlaşdy. Milli seýisçilik däplerine laýyklykda bedewe ideg edip, döwlet Baştutanymyz onuň bilen birsellem gezelenç etdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, at çapmak ýaly gadymy milli sungaty kämilleşdirmek häzirki döwrüň türkmen atçylygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle hem milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň tohumynyň, türkmen atlarynyň özboluşly gylyk-häsiýetleriniň düýpli öwrenilmelidigini, gadymy seýisçilik ýörelgeleriniň döwrebap ösdürilip, geljek nesillere ýetirilmelidigini nygtaýar.

Ýeri gelende bellesek, asyrlar aşyp gelýän bu ýörelgeler häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, zamanabap derejede ösdürilýär. Bu bolsa ahalteke bedewlerine diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinde üns beriljekdiginiň ygtybarly kepili bolup durýar. Hut şeýle ajaýyp häsiýetler, bedewleriň reňk aýratynlygy olaryň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagyny kesgitleýär. Gadymy döwürlerden bäri türkmenler bedew atlaryny öz maşgala agzalarynyň biri hökmünde görüpdirler. Bu bolsa ahalteke bedewiniň ynsan bilen mizemez arabaglanyşygyny pugtalandyrypdyr. Şeýle hem häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň derejesiniň bedew badyna meňzedilýändigini bellemek aýratyn ýakymlydyr.

“Nesil” gazeti,

27.10.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014