WEZIPELER ÜSTÜNLIKLI WE TALABALAÝYK ÇÖZÜLMELIDIR

29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabineti­niň san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy we kä­bir res­mi­na­mala­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Mejlisiň Başlygy milli kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekmek bilen, anyk tabşyryklary berdi.

Ilki bilen, ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýere söz berildi. Wise-premýer ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz «Aşgabat şäheriniň häkimliginiň köp gatly awtoduralgalaryny hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçulyk toplumyny hususylaşdyrmak hakyndaky» Karara gol çekip, degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz harby gullukçylaryň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda ýangyç-energetika toplumynyň gazyp alýan, gaýtadan işleýän düzümlerini mundan beýläk-de täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belläp, milli Liderimiz degişli wise-premýere işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy. Şeýle hem obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, ata Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli şu ýylda ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan şu ýylyň güýzki möwsüminde ýene-de saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzüm nahallarynyň 15 million düýbüni ekmek barada degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy. Wise-premýer ählihalk bag ekmek dabarasyny 7-nji noýabrda geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Ýurdumyzda 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde bag ekmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi. Degişli Karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň hormatyna guraljak dabaralara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz şanly sene mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň kesgitlenen möhletde tamamlanmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Ulag we kommunikasiýa toplumlaryna gözegçilik edýän wisepremýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021 — 2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi. Ol özüne bu ulgamda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, sanly bilimi hem-de saglygy goraýşy döwrebaplaşdyrmak, «Elektron Hökümeti» ulgamyndan doly peýdalanmak, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmek wezipelerini birleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda munuň örän wajyp wezipedigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer ýurdumyzda banan we sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin döwrebap ýyladyşhanalaryň gurluşygy hakyndaky teklipleri milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň hem-de Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýyladyşhanalary gurmak teklip edilýär. Taslamalary makullap, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», bu maksatnamany amala aşyrmak babatda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere şypahanalaryň işine we hödürleýän hyzmatlarynyň hiline, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri sport ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berip, birnäçe teklipleri hödürledi. Beýan edilen teklipleri makullap, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wisepremýer ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilen «Küştdepdi» türkmen milli aýdymyny we tansyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşleriniň tanyşdyryş dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriljek dabara Türki dilli halklarynyň medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň doganlyk döwletler bilen medeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de baýlaşmagyna gönükdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz mejlisde gender deňligi babatda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny dünýä bileleşigine ýetirmek meselelerini wajyp wezipe hökmünde kesgitledi.

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

31.10.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014