Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky teleköpri

Ýakynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Pakistan Yslam Respublikasynyň Parahatçylyk we diplomatik bilimleri instituty hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň COMSATS maglumat tehnologiýalary institutynyň Syýasat Öwreniş merkezi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklay institutynyň arasynda teleköpri görnüşinde “tegelek stol” maslahaty geçirildi.

Oňa türkmen tarapyndan Begenç Mätliýew – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ylmy işler boýunça prorektory, Çynar Rüstemowa – institutyň Jemgyýet öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi, şeýle-de,  terjimeçi hökmünde Gülşat Ýusupowa  - Dünýä dilleri kafedrasyynyň mugallymy gatnaşdylar.

Pakistan tarapyndan bolsa, Pakistan Yslam Respublikasynyň we diplomatik bilimleri institutynyň prezidenti Farhat Asif, şeýle-de doktor, Pakistan Yslam respublikasynyň COMSAT uniwersitetiniň Syýasaty öwreniş merkeziniň ýolbaşçysy Imran Sýed gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda  oňa gatnaşyjylar öz zähmet çekýän ýokary okuw jaýlary, türkmen – pakistan hyzmatdaşlygy, bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy döwürden başlap diňe ösüşlere beslenýändigi, ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygy has-da ilerlemek, şeýle-de türkmen bitaraplygynyň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem sebitde parahatçylygy, asudalygy saklamakda tutýan orny we mundan başga-da ýene-de birnäçe meseleler barada gürrüňdeşlik edildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly prezidentimize daşary syýasatymyzy berkitmek, dostluk-doganlygy has-da pugtalandyrmak, Bitaraplyk syýasatymyzy dünýä ýaýmak ugrunda amala aşyrýan dünýä ähmiýetli işleri üçin köp sagbolsun aýtdylar. Şeýle-de Pakistan tarapyndan gatnaşan wekiller türkmen halkyny ýetip gelýän şanly baýram – Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar
2014