ÝA­ŞYL GUR­ŞAW — EKO­LO­GI­ÝA ABA­DAN­ÇY­LY­GY­NYŇ MÖ­HÜM ŞER­TI

Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna 25 million düýp nahal ekilýär.

7-nji noýabrda Türkmenistanda milli Liderimiziň gatnaşmagynda bag ekmek boýunça ählihalk dabarasy geçirildi. Eziz Diýarymyzyň giňişliklerinde täze baglyklaryň we seýilgähleriň düýbüni tutmak boýunça giň gerimli çäre ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga, türkmen topragynyň ähli künjeklerini ajaýyp ýaşyl lybas bilen bezemäge gönükdirilendir.

Irden, asylly işe başlamagyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Hanbeg diýen ajaýyp bedewe atlanyp, bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Bellemeli zat, ahalteke tohum atlarynyň dünýäde şöhratyny artdyrmak we gorap saklamak işinde döwlet Baştutanymyza bimöçber uly hyzmat degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gysga wagtyň içinde ýurdumyzda atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyryldy, ömrüni bu hünäre bagyş eden hünärmenleriň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça uly işler geçirildi. Bularyň ählisi dünýä atşynaslygyny diňe bir baýlaşdyrman, eýsem, türkmenlerde arassa ganly görnüşde saklanyp galan ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň taryhy Watany bolan türkmen topragynda behişdi bedewlere we atşynaslara ägirt uly hormat goýulýandygyna şaýatlyk edýär.

Halkymyzda: «At agynan ýerde toý bolar» diýilýär. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk senesiniň giňden dabaralanyp, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan günlerinde ahalteke bedewlerimiziň mekanynda badalga alan köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna hormatly Prezidentimiziň Hanbeg atly behişdi bedewinde gelmegi bagtyýar halkymyzyň toý şatlygyny has-da artdyrdy.

Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzüň ajaýyp günleriniň birinde geçirilmegi ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna laýyk kämilleşdirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiz türkmen arçasyny oturdyp, bag ekmek işleriniň täze tapgyryna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşap geldi. Dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanyň tebigy aýratynlyklary, has takygy, dag çeşmeleri, hoştap howasy ýerli tebigatyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orun eýeledi. Şoňa görä, ýeri gelende nygtasak, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk şöhratly senesine beslenýän şu ýylda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda jemi 25 million düýp bag nahallary ekilýär.

Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz sosna nahallarynyň 30 düýbüni oturtdy. Şunça düýp nahallaryň ekilmeginde çuňňur many bar, çünki munuň özi mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna giňden taýýarlyk görmegiň başynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Milli Liderimiziň göreldesine agzybirlik bilen eýerip, çärä gatnaşýanlaryň hem her biri 30 düýp nahal ekdi. Halk hojalygynyň hemme pudaklarynyň wekilleri türkmen topragynyň gözelligini artdyrýan dabara gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ekilen baglaryň sazlaşykly ösmegini gazanmak üçin olara gerekli derejede ideg etmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ekilen nahallara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň zerurdygy barada görkezme berdi.

Ýurdumyzda güýz hem-de ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligini artdyrmak bilen birlikde, onuň ekologiýa abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyny hem üpjün edýär. Türkmen ilinde bag ekmek sogap iş hasaplanylýar. Şoňa görä-de, geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna ýurdumyzyň uludan-kiçä ähli ilaty işjeň gatnaşýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tebigata aýawly çemeleşmek, dag etekleriniň, ýaýlalaryň we sähralaryň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini, täsin tebigy gözellikleri goramak bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bularyň ählisi ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagynda, ilatyň saglygyny berkitmekde we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Bu gezekki dabara mynasybetli medeniýet işgärleri we sungat ussatlary tarapyndan geçirilen baýramçylyk konsertiniň barşynda döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bag nahallarynyň ekilendigini, watandaşlarymyzyň sogap işe gatnaşandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz köpri gurmagyň, ýol çekmegiň hem-de bag ekmegiň örän sogap iş hasaplanylýandygyny aýdyp, bag ekmegiň dünýäniň bakylygyna goşant goşmakdygyny, ene topraga öz adyňy müdimilik ýazmakdygyny nygtady. Milli Liderimiz sungat ussatlarynyň çykyş etmeginiň öň ýanynda çekilen asylly zähmetden soň, hoş owazly aýdym-sazlar bilen adamlaryň ruhunyň has-da artýandygyny belledi.

Konsertde Türkmenistanyň Gahrymany, mähriban Watanymyzyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazan, ähli türkmenleriň Arkadagy — döwlet Baştutanymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň üstünliklerini wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen topragy özgerdi we gülläp ösdi. Bu bolsa, hakykatdan-da, ählihalk goldawyna eýe bolan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Munuň şeýledigine bu gezekki bag ekmek dabarasynyň dowamynda-da göz ýetirdik. Bu dabara türkmenistanlylaryň jebisliginiň hem-de zähmete bolan höwesiniň hakyky baýramyna öwrüldi. Aýdym-sazly çykyşlar bu dabaralaryň üstüni ýetirip, olaryň baýramçylyk öwüşginini artdyrdy.

Tomaşaçylar ýurdumyzyň ägirt uly üstünliklerini wasp edýän aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň her çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan «Güller açýar Türkmenistan!» diýen aýdym ýerine ýetirildi. Onuň ruhuňy göteriji sözlerinde hem-de joşgunly mukamynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda döredijiligiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň ajaýyp geljegine bolan tüýs ýürekden buýsanç duýgusy beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz hoşlaşanda bag ekmek dabarasyna gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi we bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

10.11.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014