BAŞ ALADA — RAÝATLARYMYZYŇ SAGLYGYNYŇ GORAGLYLYGY

Hormatly Prezidentimiz Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

13-nji noýabrda milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň — Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen bu sebitiň täze edara ediş merkezini döretmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli taslamanyň çäklerinde bina edilen döwrebap bejeriş desgasynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň golaýlaşyp gelýän şanly 25 ýyllygyna gabatlanyp açylýan binalar tapgyrynyň üstüni ýetirdi.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, jemgyýetiň kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli toplumlaýyn işler ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny ýylyň-ýylyna üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, öz çäginde birnäçe howply ýokanç keselleriň, şol sanda drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilmegini gazandy. Häzirki wagtda dürli görnüşli 14 kesele garşy çagalara ýokary hilli waksinalary köpçülikleýin sanjym etmek çäresi ýola goýuldy. Gazanylan üstünlikler halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi hem-de degişli şahadatnamalar bilen tassyklanyldy. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly, anyk durmuş ugurly syýasatynyň miweleridir.

...Ir bilen milli Liderimiz welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň ýanyna geldi, bu desganyň gurluşygyna mundan laýyk iki ýyl ozal — 2018-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berildi. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, parlamentiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Ahal welaýatynyň häkimi, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň joşgunly el çarpyşmalary bilen döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesdi, binanyň içine girip, bu ýerde näsaglar we lukmanlaryň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler bilen içgin tanyşdy.

Aýratyn bellemeli zat, döwrebap lukmançylyk edarasynyň gurluşygy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Ýokanç keseller hassahanasynyň täze 3 gatly binalar toplumynda ýiti respirator we angina kesellerini, ýokanç içgeçme kesellerini, sarygetirme we beýleki ýokanç keselleri bejermek üçin ähli zerur şertler döredilendir. Halkara ülňülere laýyklykda bina edilen we enjamlaşdyrylan hassahana bir wagtda 200 näsagy — ululary we çagalary bejermek üçin kabul edip biler. Bu ýerde wirus gepatiti, ýokary dem alyş agzalarynyň ýokanç keselleri, ýokanç içgeçme keselleri, howa-damja ýoly bilen geçýän aýratyn howply ýokanç keseller bölümleri hereket edýär.

Stasionar binanyň ikinji we üçünji gatlarynda ýerleşýär. Bir we iki orunlyk otaglarda ähli şertler göz öňünde tutulyp, olaryň her biri aýratyn arassaçylyk otaglary bilen üpjün edildi. Kabul ediş bölümi 5 sany ýöriteleşdirilen otaglardan ybarat bolup, dürli ýokanç keselli näsaglary aýratynlykda kabul etmäge we ilkinji saglygy goraýyş kömegini bermäge niýetlenendir. Ýokanç keseller hassahanasynyň düzümine stasionar bölümlerden başga-da, barlaghanalar, funksional-anyklaýyş bölümi, hirurgiýa bölümi, reanimasiýa we akuşerçilik bölümi, şeýle hem fizioterapiýa we dispanser bölümleri girýär. Bölümleriň hemmesi Germaniýada, Şwesiýada, Italiýada, Fransiýada, Ýaponiýada, ABŞ-da, Günorta Koreýada, Niderlandlarda, Çehiýada, Beýik Britaniýada we Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen lukmançylyk maksatly enjamlar bilen üpjün edilendir.

Hormatly Prezidentimiz tanyşlygy binanyň birinji gatynda ýerleşýän hirurgiýa, reanimasiýa we akuşerçilik bölümlerinden başlady. Reanimasiýa bölüminde işleýän lukman gyz bölümiň tehniki üpjünçiligi hem-de bu ýerde oturdylan belli ýewropaly önüm öndürijileriň döwrebap enjamlarynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Milli Liderimiz reanimasiýa bölümleri, dessin terapiýa we operasiýa zallary üçin öňdebaryjy önüm öndüriji bolup durýan «MAQET» kompaniýasynyň enjamy bilen tanşyp, halkymyzyň saglygyny goramak, hususan-da, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, öz wagtynda bejermek, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleriň hemişe döwletimiziň üns merkezinde durjakdygyny aýtdy. Reanimasiýa bölüminden operasiýa bölümine tarap ugran döwlet Baştutanymyz ýol ugrunda ingalýator we pulsoksimetr enjamlaryny gözden geçirdi. Bu döwrebap ykjam lukmançylyk barlaganyklaýyş abzaly kapillýar ganyny kislorod bilen baýlaşdyrmagyň derejesini ölçemek üçin niýetlenendir. Patologiýalaryň köp görnüşi bolup, olaryň geçişi gipoksiýa bilen utgaşýar. Şu ýagdaýda ganyň kislorodynyň görkezijisi yzygiderli gözegçiligi talap edýär. Hormatly Prezidentimiz bu ýagdaýy nazara alyp, ulanmak üçin ýönekeý we amatly bolan abzallary (pulsoksimetrleri) ýurdumyzyň ähli ýerlerine ýaýratmagy tabşyrdy. Operasiýa otagynda ýaş lukman-hirurg operasiýa zalynyň üpjünçiligi, bu ýerde oturdylan dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze lukmançylyk tehnikalarynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi, olar çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz bu ýere ýygnanan lukmanlar bilen söhbetdeşlikde COVID-19 bilen bagly dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýyň diňe uly adamlara we çagalara däl-de, eýsem, entek dünýä inmedik bäbeklere hem täsirini ýetirendigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz barlaghananyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy, ol kliniki, biohimiki, bakteriologiýa, molekulýargenetika, immunologiýa otaglaryndan ybaratdyr. Olarda ganyň umumy we biohimiýa seljermesini geçirmek, immunoferment, serologiýa, parazitologiýa, bakteriostasiki, molekulýar-genetika, polimeraz-zynjyr reaksiýalary seljermelerini geçirmek üçin mümkinçilikler döredilendir. Lukmanlar barlaghananyň dünýäniň belli önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilendigini, olaryň tiz wagtda wiruslary kesgitlemäge, keseli dogry anyklamaga, zerur bolan bejergini geçirmäge mümkinçilik berýändigini aýtdylar, şeýle hem ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak barada edilýän alada üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

“Nesil” gazeti,

17.11.2020ý.

Meňzeş habarlar
2014