Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi bagtyýar Watanymyzyň diňe bir görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ekologiýa abadançylygynyň möhüm şertidir. Hut şundan ugur alnyp, 9-njy noýabrda Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen bu dabara watandaşlarymyzyň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygyna, milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryny...