Resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna gelen hormatly Prezidentimiz 7-nji noýabrda Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte, şeýle hem bu ýurduň Prezidenti Serjio Mattarella bilen gepleşikler geçirdi. Ýokary derejede geçirilýän bu duşuşyklarda däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary has-da berkitmek, köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milanda bilelikdäki işewürler maslahatynyň geçirilendigini bellemek gerek....