10-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, maliýe-ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýere söz berdi. Ol gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de maliýe, ykdysady we bank ulgamlarynyň işlerini döwrüň talabyna...