Türkmenistanyň Bitaraplygy — dünýä metbugatynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylymyzyň turuwbaşdan şanly wakalara beslenendigini bellemelidiris. Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi üstümizdäki ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gönükdi. Daşary syýasy derejäniň ýubileý senesi mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler toplumynyň guralmagy meýilleşdirildi. Onuň...