17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine, döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, maliýe-ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýeri göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Merkezi...