24-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, maliýe-ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýeri göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda çykaran Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň...