28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz milli medeniýetimizi mundan beýläk-de öwrenmek, halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, ony giňden wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek wezipeleriniň aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň...