26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak maksady bilen maslahat geçirdi. Maslahata Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, bilim ministri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda...