Hormatly Prezidentimiz Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna daýanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistan sebitleýin we ählumumy möçberde abadançylyk maksatlaryna laýyk gelýän giň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. 4-nji maýda hormatly Prezidentimiziň Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly...