Hormatly Prezidentimiz Aşgabatdaky we onuň töwereklerindäki täze gurluşyklarda işleriň barşy bilen tanyşdy. 11-nji maýda hormatly Prezidentimiz gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda milli Liderimiz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şäher düzümlerini kämilleşdirmek, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer bilen ýurdumyzyň...