1-nji maý da hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Milli Liderimiz wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, ähmiýet...