5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna, milli...