2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne hem-de bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Milli parlamentiň alyp barýan işleri barada...