Hormatly Prezidentimiz Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy 13-nji noýabrda milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň — Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen bu sebitiň täze edara ediş merkezini döretmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli taslamanyň çäklerinde bina edilen döwrebap bejeriş...