Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze – 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.
2021-nji ýyl – Gündogar müçenamasy boýunça sygyr ýyly. Sygyr «Malym – janym» diýýän türkmeniň gowy görýän mallarynyň biri, öý-ojagyň, maşgalanyň rysgaly. Şoňa görä-de, sygyr ýyly bereketli...