2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý dabaralary geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow 14-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda geçiriljek türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şanly senesi mynasybetli birnäçe çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, bütin adamzadyň altyn genji-hazynasyna giren Magtymguly...